Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Angelina Jolie we Brad Pitt: "Gizlinlikde aýrylyşmaly"


Amerikaly aktýorlar Angelina Jolie we Brad Pitt

Amerikaly film ýyldyzlary Angelina Jolie we Brad Pitt aýrylyşmak bilen baglanyşykly işleri gizlinlikde amala aşyrmak barasynda bir karara geldiler.

Bu Angelina Jolie bilen Brad Pittiň arasyna tow düşüp, aýrylyşmaga karar beren güni bolan 15-nji sentýabrdan bäri bilelikde ýaýradan ilkinji beýanatydyr.

Jolie we Pitt "AP" habar gullugyna iberen bilelikdäki beýanatynda, aýrylyşmak baradaky işleriň gizlin saklanmagy babatda bir karara gelendiklerine aýratyn üns çekýär. Olar aýrylyşmak döwrüni çagalaryň täsirsiz ýeňip geçmegi we maşgalalaryň kesgitlenen günlerde duşuşmagy barasynda hem bilelikde hereket etmäge razylyk bildiripdirler.

Takmynan on ýyldan bäri bile ýaşaýan we 2014-nji ýyldan bäri resmi nikada duran çatynjanyň üç öz çagasy we üç sany hem ýetimhanadan alan çagalygy bar. Olaryň hemmesi şu wagta çenli bir öýde ýaşaýardy. Olar sentýabr aýynda aýrylyşmak barasynda karara gelnenden soň, çagalaryň hossarlyk hukugynyň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutupdy. Joleiniň aklawçysy 8-15 ýaşlaryň arasynda bolan çagalaryň hossarlyk hukugynyň ejesinde galmagy barasynda razylyk alandygyny mälim edipdir.

Ýatlap geçsek, Los Anjeles çaga we maşgala hyzmatlary guramasyna Brad Pittiň sentýabr aýynda uçarda 15 ýaşyndaky ogly bilen uçup barýan mahaly öz ogluna garşy gödek çemeleşendigi barada arza-şikaýat berilýär. Ýöne munuň bilen baglanşykly geçirilen derňewleriň netijesinde hiç hili delile ýa-da subutnama duş gelinmändir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG