Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Prezidentiň oba hojalyk işgärleri bilen duşuşýandygy habar berilýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çopan goşunda.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýurduň demirgazyk welaýatyna - Daşogza gelip, çopanlar bilen duşuşdy diýip, ýerli çeşme habar berýär.

Döwlet baştutanynyň beýleki welaýatlardaky duşuşyklaryndan tapawutlylykda, Daşoguzdaky çäräniň geçjek ýerine orta semizlikdäki goýunlardan düzülen sürüleriň hem sürlüp getirilendigi aýdylýar. Ýerli çeşme bu goýunlaryň weterinarlaryň gatnaşmagynda saýlanandygyny aýtdy.

12-nji fewrala bellenen saýlawlarda sekiz kandidat bilen bäsleşmeli Berdimuhamedow mundan öň Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda iş saparynda bolup, telekeçiler, işçiler we serhetçiler bilen duşuşdy hem-de olary gyzyklandyrýan soraglara jogap berdi.

Türkmen telewideniýesi şol duşuşyklara gatnaşanlaryň hemmesiniň Berdimuhamedowa ses bermekçidigini habar berdi.

Düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» topary bir gün üň prezident Berdimuhamedowyň çopanlar bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Neşiriň dürli çeşmelerden alan maglumatyna görä, Daşoguz welaýatynyň Ruhybelent etrabynyň "Altyn asyr» daýhan birleşiginiň öri meýdanlaryna, prezident bilen duşuşygyň geçiriljek ýeriniň golaýyna regionyň beýleki ýerlerinde bakylýan goýun sürülerini sürüp getiripdirler.

«Türkmen inisiatiwasynyň» baş redaktory Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde munuň telewideniýe arkaly Türkmenistanyň oba hojalygynda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri, ýurtda bolçulygyň we abadançylygyň döredilendigini görkezmek üçin edilýändigini aýtdy.

Bu habar ýurtda sibir başy we beýleki keselçilikler bilen bagly iri şahly mallaryň we towuklaryň köpçülikleýin gyrylýandygy, köçelerde bazardaky nyrhlardan iki esse arzan et satýanlaryň köpelendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Elbetde, rus metbugaty käbir türkmen wekillerine salgylanyp, bu habaryň tassyk bolmandygyny aýtdy. Emma geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda Türkmenistanda towuk etini we ýumurtgasyny aljak bolýan adamlaryň uzyn nobatlary emele geldi, ýumurtganyň bazardaky nyrhlary bolsa esli gymmatlady.

Hukuk goraýjy Tuhbatullin goýun sürüleriniň uzak-golaý aralykdan prezident bilen duşuşyk boljak ýere sürülmeginiň alada döretmän bilmejekdigini, sebäbi Türkmenistanda bir-bir ýarym aýdan owlak-guzy möwsüminiň başlanýandygyny, häzir ene goýunlaryň we geçileriň aglabasynyň bogazdygyny aýdýar.

Mundanam başga, ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, başga etraplaryň öri meýdanlaryndan Ruhybelent etrabyndaky öri meýdanlaryna golaý ýerlere sürülýän goýun sürüleri üçin ot-iým taýýarlygy-da görülmändir. Suw meselesini bolsa, maşynlar bilen suw daşamak arkaly çözmäge çalyşýarlar diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Berilýän habarlara görä, prezident bilen duşuşyk boljak ýerinde we welaýatyň ýene ýedi etrabynda dikuçar meýdançalary taýýarlanypdyr, sebitiň beýleki ýerlerindäki polisiýa ofiserleri hem duşuşyk ýerine çekilipdir.

Ýerli synçylar, şol sanda Tuhbatullin Türkmenistanyň regionlarynda prezidentiň saparyna giňden taýýarlyk görmegiň we hemme zady bolşundan has gowy edip görkezjek bolmagyň kada öwrülendigini, döwlet baştutanynyň geçjek ýerine ýasama baglaryň oturdylan halatlarynyň, gowaçanyň ýol ýakasynda selçeň gögeren ýerlerine başga ýerlerden gowaça getirip oturdylan gezekleriniň bolandygyny aýdýarlar.

Ýerli çeşmeleriň berýän habarlaryna görä, bu Türkmenistanda geçirilýän syýasy çäreler bilen baglylykda ýörite saýlanan goýun sürüleriniň telewideniýede görkeziljek çäräniň geçýän ýerine birinji gezek sürlüp getirilişidir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG