Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar, telekeçiler we harbylar Berdimuhamedowa 'ses berýärler'


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmen mediasy prezident Gurbanugly Berdimuhamedowyň 19-njy ýanwarda Mary welaýatyndaky Döwlet elektrik stansiýasynyň zähmet kollektiwi bilen duşuşyp, olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berendigini habar berýär.

Berdimuhamedow Mary welaýatyndan öň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, ol ýerde hem deňizçi esgerler, işçiler bilen duşuşdy we bu duşuşyklar ýurduň 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawlarynyň öň ýanyna, beýleki kandidatlaryň saýlawçylar bilen göni duşuşyk geçirýän wagtyna gabat geldi.

Aýdylyşy ýaly, bu gezekki saýlawlara Demokratik partiýanyň ikinji möhlet prezidentligini tamamlaýan kandidatyndan başga sekiz dalaşgär gatnaşýar. Olaryň ikisi ýurduň Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalarynyň wekilleri bolsa, galanlary raýatlaryň inisiatiwa toparlarynyň kandidatlary bolup durýar.

Döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň prezidentiň Mary welaýatyna iş saparyndan taýýarlan habaryna dolanyp gelsek, Berdimuhamedowyň soňky günlerde amala aşyrýan iş saparlary özboluşly saýlaw kampaniýasyna öwrülýär.

Mysal üçin, Marydaky Döwlet elektrik stansiýasynyň bir işçisi döwlet baştutany bilen duşuşyk mahalynda ýaşlaryň adyndan çykyş edip, onuň alyp barýan işlerini taryplady we ýaşlaryň prezidentiň wezipesine Berdimuhamedowdan başga hiç kimi göz öňüne getirmeýändiklerini aýtdy. Reportaždan işçiniň sözleriniň gürrüldili elçarpyşmalar, «Arkadaga şöhrat» diýen şygar bilen goldanylyşyny görüp we eşidip bolýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen telewideniýesi beýleki kandidatlaryň saýlawçylar bilen duşuşyklaryndan beýle janly sahnalary görkezmeýär, netijede berilýän soraglar ýa olara berilýän anyk jogaplar, kandidatyň anyk pozisiýasy bilinmän galýar. Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedowyň özüne wagyz işleri üçine berilýän efir wagtyndan, beýleki kandidatlaryň peýdasyna ýüz öwrendigini bellemek gerek.

Ikinji tarapdan, prezidentiň öz iş saparlaryny saýlawa kampaniýasyna öwürmegi, saýlawçylaryň üçünji möhlet prezidentlige dalaş edýän Berdimuhamedowa bildirýän açyk goldawlarynyň telewideniýe arkaly açyk wagyz edilmegi ilkiBalkan welaýatyndan başlandy diýsek-de bolar. Şol bir wagtda, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan balkanly diňleýji A.nyň aýtmagyna görä, bu duşuşyklarda prezidente hiç bir çynlakaý sorag berilmedi.

Resmi habardan görnüşine görä, döwlet baştutany Garabogazdaky Karbamid zawodyna baranda, işçilere ýüzlenip, «Hemmäňiz bärde işleýäňizmi? Umuman işler nähili? Meseläňiz barmy?» diýip, soraýar. Gürrüň arasyndabir işçiniň özüni gyzyklandyrýan sorag bilen prezidente ýüzlenişi görkezilýär. Ýagny ol işçi prezidentden Garabogaz şäheriniň geljekde nähili boljakdygyny soraýar.

Berdimuhamedow bu soraga Garabogaz şäherinde ähli şertleriň dörediljekdigini aýdyp jogap berýär we oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudyň aýrylmagy, arassa agyz suwunyň we beýleki şertleriň üpjün edilmegi barada ozal aýdýan zatlaryny gaýtalaýar. Şondan soň Karbamid zawodynyň işçileri hem Berdimuhamedowyň kandidaturasyna ses berjekdiklerini aýdýarlar.

Türkmen telewideniýesi «Awazada» ýerli telekeçiler tarapyndan gurulýan sport toplumynda, «Gaýratly» gämisinde bolan duşuşyklarda hem prezidente çäksiz minnetdarlyk we alkyş sözleriniň aýdylandygyny habar berýär. Şeýlelikde, hem telekeçileriň, hem watan goragçylarynyň saýlawda Berdimuhamedowa ses berjekdigi belli bolýar.

Şu aralykda Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek syýasy çäre barada türkmen aktiwistleriniň saýtlarynda peýda bolýan synlarda bu saýlawlaryň kanunylygy sorag astyna alynýar. «Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proýektinde Azerbaýjanyň Kaspiý online neşirinden göçürilip çap edilen makala «Saýlawlaryň imitasiýasy» diýlip atlandyrylsa, adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň synynda bu saýlawlaryňhiç hili intrigasynyň, çekeleşiginiň ýokdugy bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, döwlet eýeçiligindäki türkmen telewideniýesiniň 20-nji ýanwarda efire beren tegelek stol söhbetdeşligine gatnaşyjylar Berdimuhamedowyň öz alyp baran syýasy-ykdysady reformalary esasynda üçünji möhlet prezidentlige hem mynasypdygyny öňe sürýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG