Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan Aşgabatda ‘turan gohdan’ soň täze ilçini belledi


Täjigistan Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda
Täjigistan Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda

Täjigistan Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly täze ilçisini belledi. Sişenbe güni türkmen prezidenti Farruh Homiddin Şarifzodanyň ynanç hatyny kabul etmegi, geçen ýyl Täjigistanyň ozalky ilçisi döwründe ýüze çykandygy aýdylýan dawanyň yz ýanyna gabat geldi.

Geçen ýylyň awgustynda YouTube portalynda peýda bolan türkmençe bir wideoda täjik ilçihanasynyň öňki üçünji sekretarynyň Lebap welaýatyndaky ýokary okuw jaýynyň dördünji kursunyň talyby bilen bir jaýda tutulandygy, şeýle-de oňa “kämillik ýaşyna ýetmedik” diýilýän gyzy zorlamak boýunça bilkastlaýyn hereket edenlikde aýyplama bildirilendigi öňe sürlüpdi.

Wideoda Täjigistanyň öňki ilçisi Mahmudjon Sobirowyň täjik daşary işler ministri Sirojiddin Aslow we ilçihananyň iki işgäri Hurşed Rahimow hem-de Abdulfaýz Ato bilen gyzy zorlamaga synanyşmakda aýyplanýan diplomatyň meselesi barada maslahat edendigi öňe sürülýär.

Wideoda telefon gepleşikleriniň haçan we nähili görnüşde ýazgy edilendigi barada anyk maglumat ýok. Ýöne wideonyň özünde nygtalyşy ýaly, telefon gepleşikleri iýun aýynda ýazgy edilipdir.

Galyberse-de, iýunda täjik prezidenti 2014-nji ýylyň martynda Türkmenistana ilçi hökmünde bellenen Mahmudjon Sobirowy “hormatly dynç alşa çykýandygyny sebäp görkezip”, eýeleýän wezipesinden boşadypdy. Wideoda bu ädim ýokarda agzalan mesele bilen baglanyşdyrylýar.

Her nähili-de bolsa, wideoda öňe sürülýänleriň hakykata nä derejede bap gelýändigini we täjik diplomatyna garşy nähilidir bir aýyplamanyň ýöňkelip-ýöňkelmeýändigini garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. Bu mesele dogrusynda resmi Duşenbeden hem hiç hili reaksiýa bolmady.

XS
SM
MD
LG