Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw güni golaýlaýar, prezidentiň TW tarypy güýçlenýär


Prezident G.Berdimuhamedow
Prezident G.Berdimuhamedow

Türkmen telewideniýesi 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawlary golaýlaşdygyça, ýurt raýatlarynyň prezident Berdimuhamedowa goldawyny görkezmäge gönükdirilen gepleşiklerini şonça-da ýygjamladýar.

Şonuň bilen bir wagtda, 27-nji ýanwarda efire berlen «Kanuny döwlet» gepleşiginde hem bellenilişi ýaly, prezident saýlawlarynyň aýanlyk we aýdyňlyk esasynda geçirilýändigi nygtalýar.

«Kanuny döwlet» gepleşiginde tassyklanmagyna görä, «saýlaw işiniň... aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär».

Emma ýerli synçylar we türkmen režiminiň tankytçylary Türkmenistanda metbugat azatlygynyň düýpden ýokdugyny, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň bolsa žurnalizmiň obýektiwlik, bitaraplyk ýörelgelerini bozup, ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri bir taraply propaganda bilen meşgullanýandygyny öňe sürýärler.

Howpsuzlyk meseleleri sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 67 ýaşyndaky aşgabatly synçynyň pikirine görä, Türkmenistanda prezident saýlawlary metbugatyň diňe döwlet baştutanyny goldamagy we öwmegi, başga pikirlere ýol bermezligi esasynda geçirilýär.

Ol bu pikirini ýokarda ýatlanan «Kanuny döwlet» gepleşigini alyp baran parlament deputaty Bekmyrat Amanowyň hem aldygyna bir kandidaty, prezident Berdimuhamedowy öwendigi bilen delillendirdi. Deputat Amanow bu gepleşikde beýleki dalaşgärleri agzaman, iş başyndaky prezident barada öwgüli sözleri aýtdy.

Gürrüňi edilýän telegepleşik prezident Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

TW prezidente aýnanyň arkasyndan el salgaýan adamlary görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:11 0:00

Türkmen telewideniýesi prezidentiň bu saparda, saýlawçylar hökmünde, demirgazyk welaýatyň oba hojalyk işgärleri bilen duşuşandygyny, olary gyzyklandyrýan soraglara jogap berendigini habar berdi.

Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki telewideniýe Gubadag etrabynyň Abadanlyk daýhan birleşiginiň kärendeçisi diýlip tanadylan Pirnepes Ibragimowyň Berdimuhamedowy öwüp aýdan sözlerini ile ýetirdi. Ibragimow oba hojalyk işgärleriniň adyndan çykyş edip, özleriniň diňe Berdimuhamedowa ses berjekdiklerini, başga adamy döwlet baştutany hökmünde göz öňüne getirip bilmeýändiklerini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow, saýlaw kampaniýasy üçin özüne berilýän efir wagtyny beýleki kandidatlara paýlap bermegi tabşyran-da bolsa, mundan öň Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda iş saparynda bolanda-da saýlawçylar bilen duşuşyp, olary gyzyklandyrýan soraglara jogap beripdi. Döwlet telewideniýesi bu duşuşyklara gatnaşdyrylan adamlaryň «Arkadaga şöhrat» diýen şygara gygyryp, saýlawda diňe Berdimuhamedowases bermegi wada berişlerini görkezipdi.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, türkmen telewideniýesi saýlawlaryň öňündäki kampaniýa döwründe Berdimuhamedowy uzakly gün, has güýçlendirilen depginde öwmek işini alyp barýar. Şol bir wagtda, beýleki kandidatlar barada diňe guraksy habarlar berilýär.

Mundanam başga, ýerli synçylar prezident bilen duşuşyklara hemme isleýänadamyň eltilmeýändigini, dabaraly çärä diňe artykmaç sorag bermejek adamlaryňgatnaşdyrylýandygyny aýdýarlar. Berdimuhamedowyň Daşogza eden iş saparynyň dowamynda bolsa, telewideniýe sýužetinden görnüşine görä, aýnanyň aňyrsynda toplanan adamlaryň oňa daşdan el galgadyşlary görkezildi.

XS
SM
MD
LG