Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Eýran bilen gaz dawasyny 'syýasylaşdyrmazlyga' çagyrdy


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň şu aýyň başynda Eýrana gaz üpjünçiligini kesmeginden soň gepleşiklere taýýardygyny, emma dawa boýunça dawalara garaýan edaralara ýüz tutmaga hakly diýlip, Reuters agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň we Eýranyň arasyndaky gaz söwdasyna degişli dawa barada, şu hepdäniň dowamynda resmi beýannama bilen iki gezek çykyş etdi.

“Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagy boýunça türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli gapma-garşy maglumatlar peýda boldy. Olaryň käbirinde hamala ‘garaşylmadyk we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmeýän’ türkmen tebigy gazynyň Eýrana akdyrylmagynyň 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwardan kesilmegi barada gürrüň gidýär. Beýleki publikasiýalarda, tersine, ‘Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy boýunça bäş ýyllyk şertnama baglaşdy’ diýlip bellenýär” diýlip, Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda 27-nji ýanwarda metbugat üçin çap edilen beýannama aýdylýar.

DIM öz beýannamasynda “gapma-garşy” we “mazmun taýdan logika gabat gelmeýän informasiýa zyňyndylary” diýip, atlandyran maglumatlaryň hiç hili esasynyň ýokdugyny belledi.

Şeýle-de Daşary işler ministrligi “Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň Türkmenistanyň konstruktiw inisiatiwalaryna pozitiw reaksiýanyň ýok bolmagynyň, özara kabul ederlikli kararlaryň gözlegindäki passiwligi türkmen tebigy gazynyň Eýrana akdyrylmagynyň 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan mejbury çäklendirilmegine getirdi” diýip, öz beýannamasynda belleýär.

“Bu meseläni syýasylaşdyrmak boýunça islendik synanyşyklaryň kimden çykýandygyna garamazdan, Türkmenistan babatynda dostlukly däl hereketler hökmünde kabul ediler we türkmen tarapy ony dessine ret eder” diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi websaýtynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Türkmenistan Eýran bilen baglaşan ylalaşygyndaky ähli şertleri 1997-nji ýyldan bäri berjaý edip, öz üstüne alan borçlaryna görä Eýrana gaz akdyrmagyny üpjün edýändigini, Eýran tarapynyň, bolsa 2013-nji ýyldan bäri öň akdyrylan gaz üçin bergisini üzlüşmek ugrunda “zerur tagalla etmeýändigini” aýdýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-eýran gaz söwdasy bilen bagly meselä degişli 26-njy ýanwarda hem beýannama ýaýratdy we Aşgabadyň hem Tähranyň arasyndaky gaz dawasy barada Eýranyň ýokary derejeli resmisiniň golaýda eden çykyşyndan nägilelik bildirdi.

Daşary işler ministrligi öz beýannamasyny milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Araginiň Tähranyň we Aşgabadyň arasynda gaz söwdasy bilen bagly meselede dörän “maliýe dawalar” barada metbugatda eden çykyşlary bilen baglylykda ýaýradandygyny belledi we türkmen tarapynyň gaz söwdasy boýunça şertnamadaky borçlaryny berk ýerine ýetirip, Eýrana gazyň yzygiderli akdyrylmagyny üpjün edendigini beýan etdi.

“Mundan tapawutlylykda Eýranyň milli gaz kompaniýasy uzak wagtyň dowamynda “al ýa-da töle” prinsipini bozup, türkmen gazyny zerur möçberde kabul etmedi. Üstesine, EMGK-niň şertnamadaky öz maliýe borçlaryny berjaý etmezliginiň netijesinde häzirki wagtda kompaniýanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň öňünde uly bergisi emele geldi” diýlip, türkmen DIM-niň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Beýannamada Araginiň çykyşy “obýektiw däl” we “tendensioz” diýlip atlandyryldy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Aragi 24-nji ýanwarda geçirilen metbugat konferensiýasynda Türkmenistanyň ýylyň başynda Eýrana akdyrýan gazyny kesmegi bilen baglylykda Tähranyň “Türkmengaz” kompaniýasy babatynda kanun taýdan çäre görmäge başlajagyny mälim etdi.

2016-njy ýylyň iýun aýynyň ahyrynda, Eýranyň Nebit ministrliginiň wekili Mohammad Taki Amanpour öz ýurdunyň türkmen gazynyň importyny artdyrmak planyny mälim edip, “öňümizdäki on ýylyň dowamynda Eýran Türkmenistandan 30 milliard amerikan dollary möçberinde tebigy gazy import eder we bu inženerçilik önümleriniň öwezine amala aşyrylar” diýipdi.

Käbir maglumatlarda Eýranyň 2006-2016-njy ýyllarda Türkmenistandan jemi 74.35 milliard kubometr gazy satyn alandygy habar berilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG