Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen talyplaryna pul ugratmakda täze çäklendirmeler girizildi


“Enem-atam eýýäm ýarym ýyldyr pul ugradyp bilmeýärler".

Türkmenistandan daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryna pul ugratmakda, täze çäklendirmeler girizildi.

Mundan beýläk, talyplaryň bilim alýan okuw jaýyndan tölemeli ýyllyk puly barada ýörite güwänama soralyp, şonda görkezilen möçberden artyk maliýe serişdesini ugratmaga rugsat edilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosyna daşary ýurtlarda okaýan ençeme türkmen studentlerinden maglumatlar gelip gowuşdy.

“Eger-de okuwyňa ýylda 200 dollar tölemeli bolsa, öýdäkilere şondan artyk ugratdyrmaýarlar” diýip, Belarusda okaýan türkmen talyplarynyň biri aýdýar.

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan başga bir türkmen talyby: “Bize bu barada [uniwersitetiň] okuw bölüminden-de duýdurdylar. Diňe bir pul ugratmak däl, eýse töleg baradaky sprawkasy bolmadyk talyplaryň ýurtdan hem çykarylmajakdygyny aýtdylar” diýip maglumat berdi.

Ýatladyp geçsek, bu ýurduň daşyna, hususan-da daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara pul ugratmak bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň soňkularynyň biridir.

Mundan owal girizilen düzgünlere görä, daşary ýurda pul ugratmakçy bolýan türkmenistanlylardan iberilýän puluň nähili gazanylandygyna güwä geçýän aýlyk ýa pensiýa baradaky kepilnama, zähmet depderçesiniň, pasport we dogluş şahadatnamasynyň hem kopiýalary soralýar.

Kime pul ugradylýan bolsa, onuň hem pasport we dogluş şahadatnamasynyň kopiýalary talap edilýär. Eger-de pul daşary ýurtdaky talyba iberilýän bolsa, onda onuň okaýan ýerinden hem ýörite kepilnama soralýar.

“Enem-atam eýýäm ýarym ýyldyr pul ugradyp bilmeýärler. Pulsuzlyk sebäpli okuw okamakdan geçen, çem gelen işde işläp başladyk” diýip, Ukrainada bilim alýan türkmen talyplarynyň biri öz nägileligini bildirdi.

Şol bir wagtda, eger-de daşary ýurtdan Türkmenistana pul ugradylýan bolsa, onda puly kabul edýän tarap maliýe serişdeleri ugradanyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwänamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmek borçly edildi.

Ähli talap edilýän dokumentler görkezilenden soň hem ugradylan daşary ýurt walýutasy, resmi alyş-çalyş hasaby boýunça konwertasiýa edilip, alyjynyň eline milli pul birliginde berilýär. Meselem, pul dollarda ugradylsa-da, ol alyja manatda berler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň resmi kursuna görä, 1 dollar 3,50 manada deň bolsa-da, 'gara bazarda' 1 dollaryň nyrhy 6 manada çenli ýetýär.

Galyberse-de, pul ugratmak we kabul etmek boýunça girizilýän çäklendirmeler Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ilata daşary ýurt walýutalarynyň, ýagny amerikan dollarynyň we ýewronyň satylmagy bes edilen wagtyna gabat geldi.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG