Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp federal kazyýetlere hüjümini dowam etdirýär


Amerikan prezidenti Donald Tramp
Amerikan prezidenti Donald Tramp

Amerikan prezidenti Donald Tramp federal kazyýetlere indi iki gün bäri hüjüm edýär. Sebäp kazylaryň onuň ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan durýan ýedi ýurduň raýatlaryna syýahat gadaganlygyny girizmek baradaky synanyşygyny bökdeýänligi.

Tramp 5-nji fewralda kazyýetleriň amerikanlary “hatarly ýagdaýa” düşürmegi mümkin diýip duýduryş berdi.

Prezident Twitterde: “Bir kazynyň ýurdumyzy bu derejede howp astyna salmagyna ynanyp bilemok. Eger bir zat bolsa, ony we kazyýet sistemasyny günäkär ediň” diýip ýazdy.

“Men Içerki howpsuzlyk gullugyna ýurda gelýän adamlary pugta barlaň diýip görkezme berdim. Kazyýetler bu iş gaty kynlaşdyrýarlar”.

Tramp 27-nji ýanwarda hökümet kararyny çykaryp, esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan bolan bosgunlaryň, şeýle hem syýahatçylaryň ýurda gelmegini wagtlaýyn gadagan etdi. Gadaganlyk Eýrany, Yragy, Liwiýany, Somalini, Sudany, Siriýany we Ýemeni öz içine alýar.

Onuň bu hereketi Birleşen Ştatlarda, şeýle-de daşary ýurtlarda protestlere getirdi.

3-nji fewralda Seatteliň federal kazysy Jeýmes Robert gadaganlygy, kanuny taýdan gaýtadan gözden geçirilýänçe, tutuş ýurt boýunça togtatdy.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti hem bu karar barada şikaýat kazyýetine ýüz tutdy.

Ýöne San Fransiskonyň şikaýat kazyýeti gadaganlygyň gaýtadan dikeldilmegini ret edip, taraplardan köpräk netijenama sorap, olara 6-njy fewral öýläne çenli wagt berdi.

4-nji fewralda Tramp kazy Roberti tankytlap, Twitterde ony “kazysumak” diýip atlandyrdy, onuň “pikirlerini” hem “gülkünç” diýip ret etdi.

Wermontly demokrat Patrik Leahynyň aýtmagyna görä, Trampyň “maksady konstitusion krizisi tutaşdyrmak”.

Bu aralykda, Trampyň nyşana alan ýedi ýurdundan bolan syýahatçylar 5-nji fewralda Amerikanyň aeroportlaryna gelmäge başladylar.

Bir aklawçynyň Nýu Ýorkuň Kennedi aeroportynda aýtmagyna görä, Yrakdan, Eýrandan wizaly we greenkartly gelýänlere kynçylyk ýok.

Nýu Ýorkuň Immigrasiýa gullugynyň işgäri Kamille Makkler hem: “Edilýän şol hemişeki işler” diýýär.

XS
SM
MD
LG