Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistanyň gelýän prezident saýlawynyň hukuk goragy ýok


Kandidatlar baradaky maglumatlar
Kandidatlar baradaky maglumatlar

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 7-nji fewralda Türkmenistanyň öňde duran prezident saýlawlary barada beýanat ýaýradyp, ses berişligiň azat we adalatly geçmek mümkinçiligini sorag astyna alýar.

Türkmenistandaky saýlaw klimaty raýatlaryň öz prezidentlerini azat saýlamak mümkinçiligini ret edýär, olaryň söz azatlygyndan we maglumat elýeterliliginden peýdalanmagyna ýol bermeýär diýip, beýanatyň başynda aýdylýar.

“Türkmenistanda hiç wagt azat we adalatly saýlaw bolmady we bu saýlaw hem kadadan çykma däl” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hugh Williamson aýdýar.

Azatlyk radiosynyň saýlawdan öň nädip beýle çaklama edip bilýändikleri barada beren soragyna ol şeýle diýdi:

«Beýle netijä gelmegimiziň sebäbi biz Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny ýakyndan yzarlap gelýäris we ol ýerde adam hukuklarynyň düýpli bozulýandygy, söz, metbugat, ýygnanyşmak azatlygynyň ýokdugy üçin, azat we adalatly saýlaw geçirmek şerti bolmaz diýip ynanýarys» diýip, Williamson Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýöne ol HRW-yň saýlawlara gözegçilik etmeýändigini, özleriniň, beýleki bir topar halkara guramasy ýaly, ýurda goýberilmeýändigini hem sözüne goşdy.

“Häkimiýetler metbugat, söz azatlygyna we raýat jemgyýetine degişli esasy hukuklary bozup, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudagyny berk kontrol astynda saklaýan mahalynda hakyky saýlawlaryň geçirilmegi mümkin däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň häzirki prezidenti, 59 ýaşyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow iki möhlet prezident bolmak bilen, dokuz kandidatyň biri hökmünde, üçünji möhlet prezidentligine dalaş edýär.

2016-njy ýylyň sentýabrynda girizilen Konstitusiýa düzedişleri, köpleriň pikir-garaýşyna görä, prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýyrmak, prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltmak bilen, oňa ömürlik prezident bolup galmaga mümkinçilik berýär diýip, HRW-nyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda bu gezekki saýlawlara ilkinji gezek dolandyryjy partiýaydan başga, beýleki syýasy partiýalaryňhem kandidatlarynyň gatnaşýandygy bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, hökümetiň jemgyýetçilik durmuşyna, şol sanda metbugata, jemgyýetçilik duşuşyklaryna, informasiýa elýeterliligine doly diýen ýaly kontrollyk etmegi kandidatlaryň arasyndaky deňlige hiç hili mümkinçilik galdyrmaýar, saýlawçylar ähli kandidatlar barada öz garaýyşlaryny açyk we gorkusyz aýdyp bilmeýärler diýip, Human Rights Watch aýdýar.

Soňra beýanatda Berdimuhamedowyň ozalky saglyk ministri bolup, 2006-njy ýylyň dekabrynda öňki prezident S.Nyýazow ýogalandan soň wagtlaýyn prezident bellenendigi, konstitusiýa boýunça prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmeli mirasdüşeriň, Öwezgeldi Ataýewiň bolsa tussag edilendigi ýatladylýar.

Nyýazowyň barha ýowuzlaşan 20 ýyllyk dolandyryşy astynda Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw döwletleriniň birine öwrüldi. Berdimuhamadow 2007-nji we 2012-nji ýyllarda berk kontrollyk astynda saýlaw hatyrasyna geçirilen saýlawlarda aglaba köplügiň sesini aldy.

Türkmenistanyň hökümeti ýygnanyşmak, söz we pikir aýtmak, din azatlyklaryny ret edýär. Bu ýurt garaşsyz derňewleriň ählisi üçin doly ýapyk we ol ýerde syýasy azatlyk ýok. Hökümetiň berk gözegçiligi astynda adam hukuklarynyň goralyşyny ilerletmäge synanýan birnäçe aktiwist yzygiderli hökümet ar alşy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Häkimiýetler aktiwistleriň we bosgunlyga çykan dissidentleriň garyndaşlaryna we beýlekilereköplenç syýahat gadaganlygyny girizýärler, daşary ýurt žurnalistlerine, adam hukuklaryny goraýjylara we hukuk gözegçilerine wiza bermekden boýun gaçyrýarlar.

Hökümet raýatlary hususy eýeçiligindäki satalit antennalaryny sökmäge hem-de hökümet kontrollygyndaky kabel telewideniýesi paketine abuna ýazylmaga mejbur etmek, olary alternatiw informasiýa çeşmelerinden kesmek üçin ýyllarboýy kampaniýa alyp bardy. Ýewropa Bileleşigi 2016-njy ýylyň maýynda, adam hukuklary baradaky aladala bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklamagy soňa goýdy diýip, HRW-nyň beýanatynda aýdylýar.

Williamson Azatlyk radiosynyň bu beýanaty kim we näme üçin ýaýratdyňyz diýen soragyna onuň Türkmenistanyň hökümeti we onuň halkara partnýorlary üçin ýaýradylandygyny, ýagny saýlawlar bilen bagly özleriniň ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyna ünsi çekmek isländiklerini aýdyp jogap berdi.

“Türkmenistanyň halkyna hiç wagt öz hakyky isleýän liderlerini saýlamaga mümkinçilik berilmedi” diýip, Williamson olaryň zulumkärligiň zorlukly ýitirim edilmek we syýasy tussaglykda saklanmak ýaly iň bir adamkärçiliksiz çemeleşmelerine sezewar edilýändiklerini belleýär.

“Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary hökümete bu praktikanyň soňlanmagy we, adam hukuklarynyň bolmanda minimal ýagdaýda hormatlanmagyny üpjün etmek üçin, bireýýäm wagty ýeten reformalary gyssagly geçirmegi babatda basyş görkezmeli» diýip, HRW guramasynyň Berlinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG