Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 'iň zäherli howaly' ýurtlaryň biri


‘The Eco Experts’ howanyň zäherlilik derejesi boýunça ýörite sanawy çap etdi.
‘The Eco Experts’ howanyň zäherlilik derejesi boýunça ýörite sanawy çap etdi.

Türkmenistan dünýäniň iň zäherli howaly ýurtlarynyň hataryna girizildi.

Britaniýanyň ‘the Eco Experts’ energetika kompaniýasy dünýäniň 135 ýurdunda howanyň hapalygy, energiýa serişdeleriniň peýdalanylmagy ýaly ýagdaýlary göz öňünde tutup, howanyň zäherlilik derejesi boýunça ýörite sanawy çap etdi.

Hasabatda Türkmenistan dünýäniň iň zäherli howaly ýurtlarynyň arasynda agzalyp, ol ýedinji orunda ýerleşdirildi. Şeýle-de hasabatdaky maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanda howanyň zäherliligi sebäpli her ýylda her 100 müňe 108 adam ölýär.

Hasabatyň awtorlary ýagdaýlar şu wagtky durkunda, ýagny kömürturşy gazlarynyň häzirki möçberinde howa ýaýradylmagy dowam etdirilse, onda yza gaýdyp bolmajak, heläkçilikli ýagdaýlaryň döräp biljekdigini nygtaýarlar.

Şu sebäpli bu ýagdaýlaryň dünýä, hususan-da iň zäherli howa şertli ýurtlaryň liderlerine bir duýduryş bolmalydygy hem bellenilip geçilýär. “[Hasabatda] daşky-gurşaw we adamlaryň saglygy bilen bagly has köp tagalla etmeli ýurtlar aýratyn nygtalyp geçilýär” diýip, bu ylmy işde aýdylýar.

Dünýäniň iň zäherli ýurtlarynyň onlugyna Türkmenistandan başga-da: Saud Arabystany, Kuweýt, Bahreýn, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Liwiýa, Gazagystan, Trinidad we Tobago dagy girizildi.

Iň arassa howaly döwletleriň başyny bolsa Keniýa, Tanzaniýa we Efiopiýa çekýär. Umuman, iň az zäherli ýurtlar Afrikada, Saharanyň gündogar regionlarynda ýerleşýärler.

‘The Eco Experts’ kompaniýasy sanawy taýýarlanda Halkara Energiýa Agentliginiň we Bütindünýä Saglyk guramasynyň maglumatlaryndan peýdalandy.

Ýatladyp geçsek, geçen ýyl Bütindünýä Saglyk guramasynyň çap eden interaktiw kartasynda-da, Türkmenistan howanyň hapalanan, adam saglygy üçin howply ýurtlaryň hatarynda görkezilipdi.

Sözümizi jemlesek, Halkara guramalarynyň hasabatlaryna garamazdan, türkmen häkimiýetleri we resmi mediasy ýurtda howanyň hapalanmagy bilen bagly nähilidir bir meseläniň bardygy dogrusynda kelam agyz söz aýtmaýarlar.

XS
SM
MD
LG