Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Türkmentelekomyň” hupbatlary


“Türkmentelekomyň” operatory

Aşgabat şäherinde kabel telewideniýesinden peýdalanýan ýaşaýjylaryň öňünde dürli kynçylyklar döredilýär.

Şäheriň kiçi etrapçalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlardan çanak antennalarynyň goparlyp aýrylyp, ilaty kabel telewideniýesine geçmeklige mejbur edilendigine indi 4-5 ýyla golaý wagt geçdi.

Şol wagtyň içinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligniň “Türkmentelekom” Döwlet Elektrik Aragatnaşyk kompaniýasynyň işi kämilleşäýjek ýaly bolsa-da, ilata edilýän hyzmatlardan ýaşaýjylar juda nägile bolýarlar.

Parahat-7 kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy Meýlisiň aýtmagyna görä, telewideniýä tomaşa edip oturan wagtyň, signal ýitmegi ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Käte signal ýitende, hünärmenlere ýüz tutýançaň ony özbaşdak düzedip hem bolmaýar. Beýle uzak signal ýitmegi eýýäm umumy antennalaryň kabel bilen birleşýän ýerinde ýa liniýada ýüze çykýar we ony diňe kabel telewideniýäniň kontorasyna jaň edip, çakylyk bereniňden soňra, hünärmenler gelip düzedip berýärler.

Ýöne şeýle çakylyga wagty bilen gelinmeýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar. Telewizoryňda näsazlyk ýüze çykyp, teleýaýlymlary köpçülikleýin kabul ediş nokadyna jaň eden wagtyňda, çakylygyňy bellige alandyklaryny aýdýarlar. Emma gelip ony düzedýänçäler 1-2 gün işden galmaly bolýarsyň.

“Öýüňde işlemän oturan adam bolaýmasa isleseň-islemeseň işden rugsat alyp, öýüňde hünärmenlere garaşyp oturýarsyň. Wagty bilen gelmeseler gyssanyp jaň etseň, ,çakylyk kän boldy, bu gün ýetişmedik, ertir irden bararys’ diýýärler. Ertesi ýene-de garaşyp oturansyň, irden gelmäge wada beren bolsalar-da, giçlik bir wagt gelerler. Jaň edip, gyssap durmasaň, ol günem geljekleri gümana. Şeýlelik bilen telewizoryňda näsazlyk bolsa, azyndan 1-2 gün, käte 3 günläbem işiňden galmaly bolýarsyň” diýip, şeýle ýagdaýlary başdan geçiren ýaşaýjylar aýdýarlar.

Meýlisiň aýtmagyna görä, onyň telewizoryndan signal ýitipdir. Ol “Türkmentelekomyň” Döwlet Elektrik Aragatnaşyk kompaniýasynyň edara jaýyna jaň edip çakylyk beripdir. Telefonda oturan işgär ondan ilki bilen aýlyk töleginiň tölenen ýa tölenmändigini sorapdyr. Soňra çakylygyň kabul edilendigini aýdypdyr.

“Hünärmenler haçan geler?’ diýen soraga bolsa, ‘çakylyk kän, haçan ýetişseler bararlar, häzir garly howa bilen telewideniýelerde näsazlyk kän ýüze çykýar. Siziň telewideniýäňize-de howanyň täsiri ýeten bolmagy ähtimal’ diýip jogap beripdirler.

Çanak antennalaryny ulanýan wagtymyz, oňa howanyň täsir eden wagty ýadyma düşenok. Liniýada döreýän näsazlyklary hem howanyň üstüne ataýarlar öýdýän” diýip, Meýlis aýdýar.

Çanak antennalary aýrylýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryny öz islegleri boýunça saýlamaga mümkinçilik bermän, IRTV görnüşli hyzmatlaryna geçilmegine ilatyň mejbur edilýändigi barada hem maglumatlar bar.

Telewideniýäniň bu görnüşiniň aýlyk hyzmatynyň tölegi kabel telewideniýäň töleginden 5 manat ýokary. Kabel telewideniýesi üçin aýda 5 manat tölemeli bolsa, IRTV görnüşli hyzmatlar üçin aýlyk tölegi 10 manat.

Şeýle-de, kabel telewideniýäni ulanmak üçin, çanak antennalaryny ulanýan wagtyňdaky tuneriň ýeterlikdigini, IRTV görnüşli hyzmatlar üçin bahasy 400 manada golaý bolan IRITEH tipli tuneri satyn almaly bolýandygyny, bu bolsa ýaşaýjylaryň maşgala býujetine hem agram salýandygyny, bu iki görnüşli hyzmatlaryň hiç birisiniň hem çanak antennalarynyň ornuny tutmakdan pes gelýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG