Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TDH: Saýlawçylaryň 97 prosentden gowragy ses berdi


Aşgabat, 12-nji fewral.

Türkmenistanlylar 12-nji fewralda, ýerli wagt bilen ir sagat 7-de ýurduň prezidentini saýlamak üçin ses bermäge başladylar.

Prezident Berdimuhamedow ejesi, kakasy, ogly we aggtyklary bilen ses bermäge geldi, emma onuň aýaly görkezilmedi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň websaýtynda aýdylmagyna görä, ýerli wagt bilen sagat 17-de ses bermäge gelenler 97 prosentden geçdi.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda birnäçe saýlaw uçastogyna baryp gördüler we ol ýerlerde ses bermäge gelenleriň örän az bolandygyny habar berdiler.

TDH-nyň maglumatyna görä, ses berýänleriň umumy sany 3 228 866 bolup, olar ýurt içindäki 2548, daşary ýurtlardaky 39 saýlaw uçastogynda ses berýär.
Saýlawa 3223 sany ýerli synçynyň, 151 sany halkara gözegçisiniň syn edýändigi aýdylýar.

Iň ýokary döwlet wezipesi ugrundaky bäsleşige iş başyndaky prezident Berdimuhamedowdan başga sekiz kandidat gatnaşýar.

Türkmenistanda soňky 25 ýylda halkara synçylary tarapyndan doly azat we adalatly diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG