Sepleriň elýeterliligi

Stambulda neşe öndürmekde ilteşikli türkmen zenany tutuldy


Illýustrasiýa

Stambulyň Siliwri etrabynyň howpsuzlyk güýçleri Selimpaşa merkez mähellesinde bir öýde neşe maddalarynyň öndürilýändigi barasynda gelip gowşan maglumatdan ugur alyp, geçen sişenbe güni bir operasiýa gurnady. Operasiýada ol öýde bolýan 38 ýaşyndaky M.K atly zenan göz astyna aldy.

Öýde geçirilen barlagda 818 gram metamfetamin neşe maddasynyň ýasalmagynda ulanylýan köpsanly gap-gaç, dürli gaplarda suwuk hem gaty görnüşde her hili himiki serişdeler ele salynýar.

Geçiren derňew işinde, öýi neşe önümçiliginde güman edilýän 62 ýaşyndaky B.K atly adamyň kireýine tutandygyny anyklandan soň, Esenýurtdaky bir salga operasiýa gurnady we onyň bilen bilelikde 45 ýaşyndaky M.S atly Türkmenistanyň raýaty bir zenany göz astyna aldy.

Polisiýa neşe önümçiliginde aýyplanýan 2 zenan bilen 1 erkek kişini kazyýete ýollady. Aýyplanýanlardan neşe öndürmek üçin öýi kireýine tutan B.K tussag edildi. M.A atly zenan bolsa gatnaşyga ilteşigi doly anyklanýança wagtlaýyn goýberildi. Kazyýet, M.S atly Türkmenistanyň raýaty bolan zenanyň deportasiýa edilmegine karar berdi.

Azatlyk Radiosynyň synanşygyna garamazdan, polis çeşmelerinden neşe önümçiliginde aýyplanyp, deport ediljek bolýan türkmenistanly zenan barasynda jikme-jik maglumat almak başartmady.

Ýatlap geçsek, mundan owal hem Stambulyň Kartal diýen ýerdäki bir öýde geçirilen operasiýada, Türkmenistanyň raýatlary 54 ýaşyndaky G. K. atly zenan bilen 24 ýaşyndaky A. A. we 32 ýaşyndaky J.A. dagy 50 kilogram beň, 350 gram geroin, 3 sany neşe terezisi bilen tutulypdy.

Şeýle-de, Stambul polisiniň neşekeşlige garşy göreş bölüminiň Zeýtinburnu, Awjylar, Baýrampaşa, Esenýurt, Büýükçekmeje, Fatih we Ataşehir etraplarynda geçiren operasiýalarynda neşe satmakda güman edilýän, 21 sanysy türkmenistanly, jemi 33 adam tussag edilipdi.

Antaliýanyň Žandarma gullugy hem neşe söwdasynda güman edilýänleri 1 ýyllap yzarlandan soň Alanýa, Adana, Mersin we Antalýadaky operasiýalarynda 500 gram ulanylmaga taýýar geroin bilen türkmenistanly raýat Merdan M. bilen 9 adamy ele salypdy.

Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistanda 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet çalşanyndan soň, ýurtda giň ýaýran neşekeşligiň badynyň gaçandygy, neşe söwdasynyň tasdan öňüniň alnandygy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG