Sepleriň elýeterliligi

Bild: Dünýädäki iň howply stomatolog galp saýlawlarda ýeňdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň habar serişdeleri Türkmenistanda «alternatiw» esaslarda geçirilendigi aýdylan prezident saýlawlary barada makala çap etdiler.

"The Diplomat" neşiri türkmen saýlawlary baradaky makalasyny "Türkmenistanda, görnüşinden, saýlaw boldy" diýip atlandyrypdyr.

«Eger-de resmi beýanatlara ynanylsa, ýekşenbe güni bolan prezident saýlawlaryna saýlawçylaryň 97.27 prosenti gatnaşyp, olar dokuz kandidatyň içinde iş başyndaky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 97.69 prosent ses berdiler» diýip, neşir munuň Merkezi Aziýadaky beýleki deň-taýsyz prezidentleri «tozana garmak» bolandygyny belleýär.

Ýöne neşir resmi beýanatlaryň ynandyryjy däldigini, saýlawlara gatnaşyk barada berilýän sanlaryň Berdimuhamedowyň beýleki kandidatlardan nähili öňe saýlanandygyny görkezýän sanlardan hem «pöwhedigini» öňe sürýär.

Saýlawçylaryň tas 100 prosente golaýynyň ses bermäge gelendigi baradaky resmi maglumat «Amerikanyň sesi» neşirini hem geň galdyrana meňzeýär.

«Türkmenistanda ýekşenbe güni tas hemme kişi öz prezidetlerini gaýtadan yzyna almaga geldi» diýmek bilen, bu neşir resmi maglumata görä 98 prosente golaý ses alan Berdimuhamedowyň saýlawdaky sekiz bäsdeşiniň "ýasama kandidatlar bolandygyny" belleýär.

Germaniýanyň «Bild» neşiriniň türkmen saýlawlary baradaky makalasy «Dünýädäki iň howply stomatolog galp saýlawlarda ýeňdi» diýlip atlandyrylýar.

«Bild» Türkmenistanda habar serişdelerine, internete berk kontrollyk edilýändigini, hususy satalit antennalarynyň sökdürilýändigini ýatladyp, Türkmenistanyň metbugat azatlygy boýunça diňe Demirgazyk Koreýadan we Eritreýeden öňdedigini belleýär.

AP-niň habarçysy Aleksander Werşininiň saýlawlaryň netijesi barada ýazan makalasy dünýäniň bir topar neşiri tarapyndan göçürilip çap edilipdir. Bu makalada bäsleşige ilkinji gezek hökümet partiýasyndan başga partiýalaryň hem wekilleriniň gatnaşandygy, şol bir wagtda beýleki sekiz kandidatyň kampaniýa mahaly Berdimuhamedowyň hökümetini goldandygy aýdylýar.

Newindianexpres.com neşiri bu saýlawy «Merkezi Aziýada, musulmanlaryň köplügindäki post-sowet ýurdunda geçirilýän adaty, bir taraply saýlaw» diýip häsiýetlendirýär. Şeýle-de neşir bu sebitiň syýasy taýdan Orsýet bilen Hytaýa ýakyndygyny, prezidentleriň bolsa adatça häkimiýet başynda ölýänçäler höküm sürýändigini belleýär.

Türkmen saýlawlary baradaky habarlarda prezident Berdimuhamedowyň häkimiýete gelşi, at çapyp, atdan ýykylyşy, maşyn we welosiped ýaryşlaryna gatnaşyp, hemişe ýeňiji bolşy, on ýylda 30-dan gowrak kitap ýazyşy, dijeýlik edip, öz düzen aýdymlary bilen raýatlara «hezil berşi» we ak reňke aşyk bolup, gara reňkli maşynlary halamaýşy hem ýatlanyp geçilýär. Şeýle-de habarlarda nobatdaky saýlawlardan öň Konstitusiýa girizilen düzedişler, prezidentiň indi 7 ýyl möhlet bilen saýlanýandygy, şeýle-de kandidatyň aňry ýaş çäginiň aýrylandygy bellenilýär.

«Amerikanyň sesi» neşiri, syýasy analitiklere salgylanyp, konstitusiýa girizilen düzedişleriň Berdimuhamedowa isledigiçe häkimiýetde galmak mümkinçiligini berýändigini aýdýar.

Şeýle-de neşirler Türkmenistanyň dünýäde gaz gory boýunça dördünji orunda durýandygyny, emma onuň gaz eksportynyň ýollaryny we esasan energiýa eksportyna daýanýan ykdysadyýetini diwersifikasiýa edip bilmändigi aýdylýar.

Diplomat neşiri ýurduň doly ýapyklygy we repressiw tebigaty sebäpli ol ýerde hemmetaraplaýyn garaşsyz saýlawlaryň bolup bilmejekdigini, saýlawlara syn etmegiň bolsa onuň özi ýaly galp bolandygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, GDA-nyň, ŞHG-nyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary prezident saýlawlarynda onuň kanunylygyna täsir ýetirjek bidüzgünçilik görmediler. Emma ÝHHG-nyň synçylary entek bu saýlaw baradaky pikirlerini aýtmadylar.

Şu aralykda Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynyň we post-sowet respublikalarynyň döwlet baştutanlary, şol sanda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin we beýlekiler Berrdimuhamedowyň saýlawlardaky ýeňşini gutladylar.

Hukuk goraýjy toparlar türkmen saýlawlarybarada beýanat çap edip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gödek basgylanýandygy üçin, dünýä liderlerini prezident Berdimuhamedowyň ýeňşini gutlamazlyga, saýlawlaryň resmi netijelerini ykrar etmezlige çagyrypdylar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG