Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen alpinistleri Aziýa oýunlarynyň simwolyny iň beýik dag depesine alyp barýarlar


Türkmenistan
Türkmenistan

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň simwoly ýurduň iň uly dag depesinde Aýrybabada oturdylar, diýip Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) habar berdi.

Maglumata görä, türkmen alpinistleri Türkmenistanyň 19-njy fewralda bellenýän döwlet baýdagynyň baýramçylygy we 2017-nji ýylyň “Sagdynlyk hem ruhubelentlik” şygary astynda geçmegine bagyşlap, türkmen baýdagyny hem-de Aziada-2017 halkara oýunlarynyň simwolyny dagyň iň beýik ýerine alyp bararlar.

Bu proýekte Ýapyk jaýlarda we söweş sungatlary boýunça bäşinji Aziýa oýunlaryna taýýarlyklar boýunça ýerine ýetiriji komitet bilen bilelikde guramaçylyk edýän TDH habar agentliginiň 15-nji fewralda çap eden maglumatynda türkmen alpinistleriniň 2 müň metr beýiklige çykandygy aýdyldy.

Resmi maglumata görä, ahalteke atyny şekillendirýän simwol “ganatly” atyň çykaryp biljek täze ýeňişlere hem beýikliklere çagyryş hökmünde Aýrybaba dag depesine çykarylar.

Şeýle-de şu ýylyň başynda “Aziýada-2017” oýunlarynyň nyşany hökmünde ýaşyl reňkli, gulagy we guýrugy kesilen türkmen iti alabaýyň şekili saýlanypdy.

Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň bäşinji Aziýa oýunlary 17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

XS
SM
MD
LG