Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň oppozisiýasy Eýran parahatçylykly gepleşiklerde esasy päsgelçilik diýýär


Siriýanyň oppozisiýasynyň parahatçylykly gepleşikler boýunça baş wekili Nasr al-Hariri, Ženewa, 23-nji fewral, 2017.
Siriýanyň oppozisiýasynyň parahatçylykly gepleşikler boýunça baş wekili Nasr al-Hariri, Ženewa, 23-nji fewral, 2017.

Siriýanyň oppozisiýasynyň Ženewada geçirilýän parahatçylykly gepleşikler boýunça baş wekili Eýrany Siriýadaky konflikti çözmek ugrunda iň uly päsgelçilik diýip atlandyrdy.

Nasr al-Hariri ok atyşygy bes etmek barada Orsýetiň we Türkiýäniň araçylygynda gelnen ylalaşygyň tutuş ýurt boýunça bozulýandygyny we muňa esasan Eýran tarapyndan goldanýan we Siriýanyň hökümetiniň tarapynda söweşýän ýaragly toparlaryň sebäp bolýandygyny 23-nji fewralda žurnalistlere aýtdy.

“Eýran islendik syýasy ylalaşyga esasy päsgelçilikdir” diýip, Hariri aýtdy we Siriýanyň ýarany bolan Orsýetiň hem günälidigini belledi.

Şeýle-de Hariri Eýrany Ýakyn Gündogar regionynda dinara ýigrenji öjükdirmekde aýyplady we Siriýanyň oppozision toparlaryny goldaýan Türkiýäniň ýaňy-ýakynda öňe süren pikirini gaýtalady.

Hariri Waşingtony regiona goşulyşmaga we Eýrana basyş etmäge çagyrdy. Siriýanyň oppozisiýasynyň wekili Hariri Eýran “onlarça müň dinçi söweşijilerini ýaýradýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG