Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň kanagatlanarly däldigi resmi derejede boýun alyndy.
Türkmen hökümetiniň 3-nji martda geçiren maslahatynda syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçysy tankyt edildi. Hususan-da, ýurtda syýahatçylyk üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy, emma pudagyň garaşylýan netijeleri bermeýändigi aýdyldy.
Türkmenistanda şu günki gün syýahatçylygyň ösmegine näme päsgel berýär?
Azatlyk Radiosy türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýewden pikir sorady.