Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: AÝ/AR-nyň habarçylaryna Krasnodar regionynda hüjüm edildi


AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň habaçysy Sergeý Hazow-Kassia
AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň habaçysy Sergeý Hazow-Kassia

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary Orsýetiň günortasynda ýüzi nikaply hüjümçiler tarapyndan urlup-ýenjildi we talandy.

AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň habarçysy Sergeý Hazow-Kassia we operator Andreý Kostyanow Krasnodar regionynyň Kropotkin şäherçesinde ýaşaýan myhmanhanasyndan çykanlarynda birnäçe adamyň hüjümine sezewar edildiler.

Hüjümçiler zäherli gaz balonlaryny ulanyp, žurnalistleriň kompýuterini, telewizion gurallaryny we şahsy zatlaryny elinden alypdyr we özleriniň münüp baran mikroawtobusyny galdyryp, pyýada gaçyp gidipdir.

Žurnalistler Krasnodar regionyna fermerleriň protesti barada habar bermek üçin barypdy. Sergeý Hazow-Kassia bu hüjümiň polisiýanyň myhmanhana baryp, olaryň şol ýerde bolup-bolmazlygyny barlamagyndan birnäçe sagatdan soň bolandygyny Facebook sahypasynda habar berdi.

AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent öz professional borçlaryny ýerine ýetirýän habarçylara edilen hüjümiň kabul ederlikli däldigini belledi we “biz doly derňewi talap edýäris, bu ýagdaýda ýerli polisiýanyň roluna üns berilmegini we munuň Orsýetde žurnalistlere garşy nobatdaky jenaýatçylyk däldigine hem onuň jogapkärçiliksiz galmajagyna kepil geçilmegini isleýäris” diýdi.

XS
SM
MD
LG