Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG S.Nepesgulyýewiň ýagdaýyna aladalanma bildirdi


BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanda tussaglaryň türkmen türmelerinde dereksiz ýitirilmegine aladalanma bildirdi.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanda tussaglaryň türkmen türmelerinde dereksiz ýitirilmegine aladalanma bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistan boýunça geçirilen diňlenişiginiň jemleýji synyny çap edip, onda türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew ýaly garaşsyz žurnalistleri we adam hukuklary boýunça aktiwistleri yzarlamagyna, basyş, tussag etmegine alada bildirdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu aýyň 8-9 aralygynda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Ženewada geçen 119-njy sessiýasynda, Türkmenistan Raýat we syýasy hukuklar boýunça Halkara konwensiýasynyň şertlerini berjaý edişi dogrusynda hasabat beripdi.

Bu diňlenişigiň netijeleri boýunça BMG-nyň Ýokary komissarynyň saýtynda çap edilen jemleýji synda, Türkmenistanda ençeme kanunlaryň kabul edilendigi gowy garşylansa-da, käbir ‘alada dörediji’ ýagdaýlaryň hem bardygy nygtalyp geçilýär.

Komitet türkmen kanunçylygynda ‘ekstremizm’ düşünjesiniň gümürtik kesgitlenendigini, munuň netijesinde-de bu aýyplama bilen ‘esassyz’ tussag etmelere ýol açýandygyny belleýär.

Şeýle-de, Adam hukuklary boýunça komitet ýurtda adamlaryň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilmegine, soňy bilen-de türkmen türmelerinde dereksiz ýitirilmegine aladalanma bildirýär.

Komitetiň jemleýji synynda diňlenişige gatnaşan türkmen wekilleriniň ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalar boýunça tussag edilip, dereksiz ýitirilenleriň, şol sanda Boris Şyhmyradowyň we beýlekileriň ykballary dogrusynda anyk-aýdyň jogaby berip bilmändikleriniň ‘gynandyryjy’ bolandygy bellenilýär.

Komitet türkmen häkimiýetlerine ýurduň türmelerinde ýitirim edilenleriň ykballary boýunça maglumat bermäge we bu ýagdaýlar boýunça derňew geçirmäge çagyryş etdi.

Mundanam başga, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça komiteti türkmen türmelerinde tussaglaryň saklanyş şertlerine, şeýle-de olaryň her dürli sütemlere sezewar edilmegi, görkezme almak üçin elektrik togy bilen gynalmagy ýaly ýagdaýlara aladalanma bildirdi.

Galyberse-de, Kometetiň jemleýji synynda Türkmenistanda pagta ýygym döwri adamlaryň mejbury zähmete çekilmegi bilen baglylykdaky ýagdaýlara hem öz aladalaryny mälim etdi.

Türkmenistan mundan ozal Raýat we syýasy hukuklar boýunça Halkara konwensiýasynyň şertlerini berjaý edişi dogrusynda 2012-nji ýylda ilkinji gezek hasabat beripdi.

XS
SM
MD
LG