Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmengazyň” ýolbaşçylary çalşyldy


“Türkmengazyň” ýokary resmileriniň çalşyrylmagy gaz pudagyndaky krizise gabat geldi.
“Türkmengazyň” ýokary resmileriniň çalşyrylmagy gaz pudagyndaky krizise gabat geldi.

“Türkmengaz” döwlet konsernininiň ýokary derejeli resmileriniň kadr çalşygy dowam edýär. Resmi metbugatyň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, prezidentiň ýörite permany bilen Çaryýew Atamyrat Atahanowiç we Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiç Konserniň başlygynyň orunbasarlary wezipelerine bellenipdirler.

Mundan öň, ýagny ýanwarda prezident “Türkmengazyň” başlygy Aşyrguly Begliýewi “şu günki günüň talaplaryna laýyk bolmazlykda” aýyplap, wezipesinden boşadypdy. Onuň deregine bolsa Konserniň başlygynyň ozalky orunbasary Maksat Mämmetsaparowiç Babaýew bellenipdi.

Şol purtsat, prezident beýleki bir aýratyn permany bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri wezipesini döredip, onuň “Türkmengazyň” başlygynyň bolup durýandygyny-da kesgitläpdi.

Galyberse-de, wezipe borçlary aýdyňlaşdyrylmadyk Döwlet ministri wezipesiniň döredilmegi, şeýle-de “Türkmengazyň” ýokary resmileriniň çalşyrylmagy gaz pudagyndaky krizise gabat geldi.

Ýatladyp geçsek, täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistan Eýran bilen gaz dawasyna başlady we öz gazynyň hyrydarynyň biri bolan Tährany iki milliard dollar bergidar bolmakda aýyplady. Eýran-da öz gezeginde dawadan yza çekilmän, ýurduň demirgazyk regionlaryny gaz bilen üpjün etmekde başga mümkinçilikleri tapjakdygy, şeýle-de bu meseläni halkara arbitraž suduna çykarjakdygy bilen haýbat atypdy.

Tähranyň Aşgabat bilen dawasyna barlyşyksyz çemeleşmeginiň fonunda, şu ýylyň başynda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy hem türkmen gazyny almagyny togtadýandygyny habar beripdi.

Türkmenistan Russiýa satýan gazynyň bahasynyň tölenmeýändigini aýdyp, “Gazprom” kompaniýasyny “tölege ukypsyz”, “ynamdar däl hyzmatdaş” diýip yglan edipdi. Iki tarapyň bir-birini aýyplamagy netijesinde, bu iş halkara arbitraž suduna baryp ýetipdi.

“Gazprom” bu dawanyň halkara derejesinde garalmagyny 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli yza tesdirendiklerini habar bermegi bilen birlikde, türkmen gazyny satyn almagy togtatmagynyň yz ýany özbek gazyny satyn almak boýunça, Daşkent bilen ilkinji orta möhletleýin ylalaşygy baglaşdy.

Häzirki pursat, Aşgabat öz gazynyň ýeke-täk hyrydary – Hytaý bilen galdy. Şu ýylyň başynda Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurdunyň 2016-njy ýylda türkmen gazynyň importynyň 11% artandygyny habar berse-de, dünýädäki energiýa serişdeleriniň bahasynyň arzanlamagynyň netijesinde, gaz üçin tölegleriň möçberiniň 29% aşaklandygyny hem mälim etdi.

Türkmenistanyň üç gaz müşderisinden ikisini ýitirmegi bilen birlikde, ýurduň öz gaz pudagynda hem iş ştatlarynyň azaldylmagy, şeýle-de işgärlerden “Aziada-2017” oýunlary üçin aýlyklaryndan 15-20% tutulyp galynmagy ýaly ýagdaýlar dogrusynda dowamly maglumatlar gowuşýar.

Türkmenistanyň gaz pudagyndaky bolup geçýän ýokardaky ýagdaýlar dogrusynda, türkmen mediasynda hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG