Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa oýunlary üçin nebit-gaz işgärleriniň aýlyklarynyň '15-20 prosenti saklanar'


Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklarynyň 15-20 prosentiniň saklanylyp galynjakdygy aýdylýar.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklarynyň 15-20 prosentiniň saklanylyp galynjakdygy aýdylýar.

Türkmenistanda aprel aýyndan sentýabra çenli nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyk haklaryndan 15-20% saklanyp galynar diýip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň ýurt içindäki öz çeşmelerine salgylanyp, 29-njy martda beren maglumatyna görä, işgärlerden saklanyp alnan pullar şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna harçlanar.

Bu baradaky maglumaty Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gamyşlyja nebit” atly nebit çykarýan kärhanasynyň we “Türkmennebit” gaz-gurluşyk birleşmesiniň Balkan welaýatyndaky kärhanasynyň birnäçe işgäri hem tassyklady.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran “Türkmennebit” gaz-gurluşyk birleşmesiniň Balkan welaýatyndaky kärhanasynyň inženeriniň aýtmagyna görä, soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda işleýän adamlaryň ählisine öz aýlyklarynyň belli bir bölegini Aziýa oýunlaryna “meýletin kömek” hökmünde saklap galmagy haýyş edýän arzalar ýazdyryldy.

“Aýlyklaryň bir bölegi alty aý saklanar”

“Bize ýazdyrylan arzalarda “Meniň zähmet hakymyň 15-20%-ni Aziada-2017-niň kömek fonduna meýletin geçirmegiňizi haýyş edýärin” diýip ýazdyk. Bu arzalar nebit-gaz pudagynda ýönekeý işçi bolup işleýän adamlardan başga hemmesine ýazdyryldy. Arzany ýazanlaryň arasynda edara ýolbaşçylary, inženerler, operatorlar, tehnikler we ussalar bar. Bu işgärleriň has ýokary wezipedäkileri aýlygynyň 20%-ni, pesräk wezipedäkileri bolsa 15%-ni ‘meýletin’ saklap galmak barada arza ýazdylar. Bu arzalaryň ählisi degişli edara-kärhanalaryň administrasiýasyna gowşuryldy” diýip, balkanly inžener gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda nebit-gaz pudagynda ýönekeý işçi bolup işleýän adamlaryň aýlyklaryndan hem “meýletin kömegi” saklap galmak barada ýokary derejede gürrüň edilýär, emma onuň möçberiniň 10% boljakdygy aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Aziýa oýunlaryna “meýletin kömek” diýlip, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklaryndan 15-20% saklap galmak çäresi alty aý, ýagny aprel aýyndan oktýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Aziýa oýunlaryna “meýletin gatanç” diýlip, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň, şol sanda çagalar bagynyň terbiýeçileriniň zähmet haklaryndan saklanylyp alynýandygy we türkmen telekçileriniň döwletiň haýryna uly möçberde maliýe serişdesini geçirmäge mejbur edilýändigi baradaky maglumatlar ençeme aý öň peýda boldy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan gurluşyk kärhanalarynyň birnäçesiniň başlygy Aziýa oýunlary üçin “meýletin” diýilýän mejbury pul hemaýatyny etmek barada döwlet tarapyndan berlen görkezme sebäpli öz işini togtadyp, firmalaryny ýapmaga mejbur bolandyklaryny gürrüň beripdi.

Ýörite hat

Käbir orta derejedäki hususy firma eýeleri bolsa, “meýletin kömekler” sebäpli öz öndürýän harytlarynyň bahasyny soňky bir aýda ortaça 20% gymmatlatmaga mejbur bolandyklaryny aýtdylar.

Mundanam başga, 12-nji martda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurtda syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalara ugradylandygy aýdylýan hatyň nusgasyny çap etdi.

Şu ýylyň 25-nji fewralynda bu komitetiň başlygy Serdar Çolukow tarapyndan gol goýlan bu hatda döwlet we hususy kärhanalaryň işgärleriniň Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ‘meýletin gatanç’ etmekleri barada prezidentiň ýörite kararynyň bardygy aýdylýar.

“Türkmenistanyň prezidentiniň kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, kärhanaňyz tarapyndan meýletin gatançlary etmek esasynda, oýunlaryň guramaçylyk çykdajylary üçin zerur bolan Gaznanyň maliýe çeşmesini emele getirmekde ýardam bermegiňizi soraýarys” diýlip, hatda nygtalýar.

Türkmenistan ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwründe Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna azyndan 7 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlady.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyk haklaryndan saklanyp galynjakdygy barada Azatlyk Radiosyna degişli türkmen häkimiýetlerinden komentariý almak başartmady.

XS
SM
MD
LG