Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Harbylaryň ýaragy ýok etmek boýunça çäresinde 9 raýat wepat boldy


Owganystanyň Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäheri

Owgan resmileri Helmand welaýatynda harbylaryň gizlin ýaraglaryň saklanan ýerini tapyp, partlatmagynyň netijesinde bir maşgaladan bolan azyndan dokuz raýatyň wepat bolandygyny habar berdiler.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Omar Zwak esgerleriň tapan ýaraglaryny ýok etmäge synanyşanda partlamanyň emele gelendigini aýtdy.

Harbylaryň Helmand welaýaty boýunça metbugat wekili Rasoul Zazia hem welaýatyň paýtagty Laşkar Gahda operasiýanyň geçirilendigini tassyklady.

Welaýatyň iki resmisiniň 2-nji aprelde gizlinlik şerti bilen aýtmagyna görä, partlamanyň netijesinde ýaşaýyş jaýyň üçeginiň ýumrulmagy zerarly dokuz raýat, ýagny bir maşgaladan iki çaga, üç zenan we dört erkek adam wepat boldy.

Helmand welaýatynyň häkimi Haýatullah Haýatyň DPA agentligine aýtmagyna görä, dokuz adamyň jesedi tapylypdyr, emma harabalykda ýene bir adamyň galýandygy çak edilýär.

Helmand welaýatynyň aglaba bölegi “Talyban” söweşijileriniň gözegçiliginde galýar, diňe Laşkar Gah şäheri owgan hökümetiniň gözegçiliginde galýar.

XS
SM
MD
LG