Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: “A-Market” söwda dükany doly ýapyldy


“A-Marketiň” içinde ýekejede-de haryt galmady

Aşgabatda ýerleşýän “A-Market” söwda dükany doly ýapyldy. Bu waka söwda dükanynyň eýesi Döwlet Ataýewiň türk oppozisioneri bilen gatnaşykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi barada, Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň gelip gowuşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, “Mir bazaryň” günbatar tarapynda ýerleşip, ortaça 300 kwadratmetr meýdany tutýan bu dükanyň gapysyna geçen hepdäniň şenbe güni irden gulp urlup, oňa ýörite möhürli kagyz ýelmendi.

Aýdylmagyna görä, bu dükana azyk we senagat harytlaryny getirmek geçen hepdäniň başyndan bes edildi. Şondan soň öňden bar bolan harytlar hem öňküsinden ortaça 15% arzanladylyp satylyp başlandy.

Şonda alyjylar dükan satyjylaryndan bu arzanladyşyň uzak wagta çenli dowam edip-etmejekdigi barada soranda, olar “A-Marketiň” ýapyljagy barada kelam agyz söz aýtman, harytlary könelmänkä satmagy göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdiler.

Emma geçen hepdäniň anna güni irden “A-Marketde” satylmadyk harytlar ýörite maşynlara ýüklenilip, nirädir-bir ýere äkidilip başlandy. Azatlyk Radiosynyň bu ýere baran habarçylary dükan satyjylaryndan harytlaryň nirä we näme üçin alnyp gidilýändigi barada anyk maglumat alyp bilmediler.

"Ýapylmagyna garaşylýardy"

Ýöne şol günüň giçligi söwda dükanyndaky harytlaryň galan-gaçany-da ulaglara ýüklenilip alnyp gidildi. Käbirleri bolsa, “Mir bazaryndaky” söwdagärler tarapyndan satyn alyndy. Munuň netijesinde, anna güni sagat 22:00-da “A-Marketiň” içinde ýekejede-de haryt galmady.

Şenbe güni irden bolsa, söwda dükanyndaky tekjeler hem ýekän-ýekän sökülip, azyndan üç ýük ulagyna ýüklenip, alnyp gidildi we dükan doly ýapyldy.

2000-nji ýyllaryň başynda açylan “A-Marketiň” ýapylmagy, umuman, garaşylýan bir ýagdaýdy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň berýärler.

“Mundan iki aý çemesi ozal “A-Marketiň” eýesiniň Gülen bilen hyzmatdaşlykda aýyplanyp tussag edilnedigi mälim boldy. Şol sebäpden şu merkeziň indiki ykbaly näbelli bolup galýar diýen gürrüňler ýaýrapdy. Geçen hepdäniň başyna bolsa, “A-Marketiň” eýesiniň uzak möhlete tussaglyga höküm edilendigi hakynda il içinde, ylaýta-da şol söwda merkeziň golaý-goltumynda ýerleşýän dükanlardaky işgärler hem özleriniň müşderilerine ýa-da tanyş-bilişlerine gürrüň berýärdiler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, ortaça 50 adamy iş bilen üpjün eden bu söwda dükanynyň eýesi Döwlet Ataýew türk oppozisioneri Fethullah Güleniň “Hizmet” topary bilen aragatnaşykda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edilipdi. Onuň bilen bir hatarda Aşgabadyň “Merdem dynç alyş merkezi” we “Alpet steakhouse” atly restoranlaryň eýesi Resul Atageldiýew we başga-da türkmen-türk liseýleriniň öňki mugallymlarynyň ençemesi tussag edilipdi.

Tussag edilmeler we söwda nokatlarynyň ýapylmagy

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri Ahal welaýatynyň sudunyň 8-nji we 9-njy fewralda 30-dan gowrak adama höküm çykarandygyny habar berdi. Azatlygyň söhbetdeşi sud edilenleriň arasynda Türkmenistanda tanymal telekeçiler Resul Atageldiýewe, Döwlet Ataýewe we Döwlet Amangeldiýewe iş kesilendigini belläp, özüniň gören dokumentlerine görä, Atageldiýewiň we Ataýewiň 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy.

Galyberse-de, “A-Market” söwda dükanynyň ýapylmagy, Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen baglanyşykly edaralaryň we mekdepleriň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem ýapylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabatdaky iri söwda we biznes merkezleri “Ýimpaşyň” ýapylmagynyň sebäbiniň bu kompaniýanyň ýolbaşçylar geňeşiniň müdiri Dursun Uýaryň “gülençiler hereketi” bilen güman edilýän gatnaşygy sebäplidigi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidigi güman edilýänleriň köpçülikleýin ýagdaýda tussaglyga alynmagy we söwda merkezleriniň ýapylmagy dogrusynda, häzirlikçe hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG