ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson senagat taýdan ösen döwletleriň Uly-7 guramasynyň Siriýadaky krizisi maslahat etmek üçin geçirýän duşuşygyna gatnaşmak maksatly Italiýa bardy.
Tillerson we beýleki ýurtlaryň daşary işler ministrleri 10-njy aprelde adaty duşuşygyň yzýany, 11-nji aprelde Siriýa boýunça maslahat geçirmek üçin duşuşarlar diýip, Italiýanyň mediasy habar berdi.
Uly-7 guramasyna ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa, Britaniýa, Italiýa, Fransiýa we Kanada girýär. Orsýet bu gurama Uly-8 formatynda agza bolupdy, emma Moskwanyň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagynyň yzýany guramadan çykarylypdy.
Dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň Italiýadaky duşuşygy ABŞ-nyň 7-nji aprelde Siriýanyň howa bazasyna raketaly zarbalary urmagynyň yzýanyna gabat geldi. Birleşen Ştatlar munuň Damaskyň öz raýatlaryna garşy himiki ýaraglary ulanmagyna jogap bolandygyny aýtdy.