Sepleriň elýeterliligi

Tillerson we G7 toparynyň daşary işler ministrleri Italiýada duşuşýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson senagat taýdan ösen möhüm ýedi döwletden durýan we G7 diýip atlandyrylýan toparyň duşuşygyna gatnaşmak üçin, şu gün Italiýa bardy. Duşuşykda esasy tema Siriýa krizisi bolar.

Italiýanyň habar gulluklarynyň bildirmegine görä, Tillerson we beýleki ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 10-njy aprelde, duşenbe güni başlar, 11-nji aprelde hem Siriýa boýunça ýörite maslahat geçer.

Bu maslahata G7 agza döwletler bilen birlikde Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň we Kataryň daşary işler ministrleri gatnaşarlar.

G7 toparyna Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Germaniýa, Britaniýa, Italiýa, Fransiýa we Kanada girýär. Ozal Orsýetiň bu topara goşulmagy bilen agza döwletleriň sany 8-e barypdy, ýöne 2014-nji ýylda Orsýet Ukrainanyň Krym regionyny bikanun özüni birikdireninden soňra topardan çykarylypdy.

Habar gulluklary Italiýanyň daşary işler ministri Angelino Alfano salgylanyp bildirmegine görä, Siriýa baradaky ýörite maslahatdan esasy maksat; alty ýyl bäri dowam edýän konfliktde “howply harby eskalasiýanyň” öňüni almak.

G7-iň Italiýadaky duşuşygy Birleşen Ştatlaryň 7-nji aprelde Siriýanyň howa bazasyna raketaly zarba uranyndan soňra geçýär. Waşington bu zarbalaryň Damaskyň öz raýatlaryna garşy himiki ýarag ulanmagyna jogap hökmünde urlandygyny aýtdy.

G7 agza döwletler Tillersonden Amerikanyň Siriýa boýunça yzarlajak syýasatyny açyk beýan etmegini talap eder diýip çaklanýar.

Amerikan prezidenti Donald Tramp 2016-njy ýylda geçen saýlaw kampaniýasynda öz administrasiýasynyň öňküler ýaly beýleki ýurtlaryň işlerine garyşmajakdygyny we adam hukuklarynyň dünýä derejesinde bozulmagyny nygtamagy ýeňilleşdirjekdigini aýdypdy.

Birleşen Ştatlaryň ýaranlarynyň aglabasy raketa zarbasyny goldaýarlar. Ýöne olary zarba öňki syýasatyň üýtgändiginiň alamatymy, Waşington uruşdan ýaňa dargan ýurtda parahatçylyk üçin zerur zat Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan çekilmegi diýip pikir edýärmi, diýen soraglar-da gyzyklandyrýar.

“Amerikanlar munuň bilen ylalaşýandyklaryny aýdýarlar. Ýöne muny görkezýän zat ýok. Olar munda ýok, garaňkylykda maksatsyz aýlanyp ýörler” diýip, ýokary derejeli bir ýewropaly diplomat “Reuters” habar gullugyna aýdypdyr.

“The Sunday Times” gazeti 10-njy aprelde Britaniýanyň Orsýet Assad bilen gatnaşyklaryny kesmeýän halatynda, Moskwanyň garşysyna täze sanksiýalaryň girizilmegi hakda basyş etjekdigini ýazdy.

Gazetiň ýazmagyna görä, ýurduň daşary işler ministri Boris Jonson Orsýetiň Assadyň režimini goldamagy bes etmegi we ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi üçin, öz güýçlerini Siriýadan çekmegi hakda G7-niň bilelikde beýannama çykarmagyny isleýär.

Prezident Wladimir Putin muny ret eden halatynda täze sanksiýalar girizilip, hökümet işgärleriniň “durmuşy aşa kynlaşdyrylmaly’ diýip, habarda aýdylýar.

G7-niň Italiýadaky duşuşygyndan soňra Tillerson kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirmek üçin, Moskwa gider.

Orsýet Eýran bilen birlikde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini goldaýar, Birleşen Ştatlar bilen Türkiýe hem hökümete garşy gozgalaňçylara arka durýarlar.

XS
SM
MD
LG