Sepleriň elýeterliligi

Balkanda azyndan üç mekdebi göçýän çägeleriň basmak ‘howpy bar’


Aşgabadyň Çoganly şäherçesiniň ortasyndan geçýän esasy ýoldan şäherçäniň içine çekilen birnäçe köçäni göçýän çägeler basdy.

Balkan welaýatynda azyndan üç mekdebi göçýän çägeleriň basmak howpy abanýar diýip, balkanlylaryň ençemesi habar berýär.

Bu welaýatyň Bereket we Serdar etraplarynyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine aýtmagyna görä, agzalýan etraplaryň Düwünçi obasyndaky 12-nji orta mekdebe, Ýasga obasyndaky 9-njy mekdebe we Ýylgynly obasyndaky 2-nji mekdebe barmak gün-günden kynlaşýar.

“Obanyň çetindäki ak alaňlar sähel ýel tursa, ýeliň ugruna tarap süýşýär. Syrgyn zerarly obanyň mekdebinem gum basyp barýar. Mekdebiň dört tarapynam, oňa barýan awtoulag ýollarynam gum basdy. Mekdebe çagalary eltmek barha kynlaşýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran, Ýylgynly obasynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mundan 15 ýyl çemesi öň Ýylgynly obasyny, ol ýerdäki ýaşaýyş jaýlaryny göçýän çägeleriň basmagy netijesinde, obadaky azyndan 80 hojalyk 3 kilometr çemesi demirgazyga göçmeli bolupdyr.

Resmilerden hiç hili ‘netije ýok’

Häzir şol jaýlaryň üçeklerine çenli gum basan bolsa, mekdebiň hem daş-töweregi we girelgeleriniň käbir bölekleri gumuň astynda galýar. Bu bolsa, şol obanyň ýaşaýjylaryna dürli kynçylyklary döredip, çagalaryň 3 kilometr uzaklykdaky mekdepde okamak mümkinçiligini barha çäklendirýär.

Ýylgynly obasynyň ýaşaýjylary mundan 15 ýyl çemesi öň we häzirki pursatda-da özleriniň kömek sorap, türkmen häkimiýetlerine ýüz tutýandyklaryny, emma hiç bir netijeli jogap alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

“Biz etrap we welaýat häkimliklerine ýüzlenip, çägäniň öňüni almaga kömek etmeklerini soradyk. Bize mundan öňem, häzirem hiç hili anyk jogap bermeýärler, kömegem etmeýärler. Häzirki obamyzda mekdep gurup bermeklerini hem soradyk. Ýöne entek şol haýyşymyza-da jogap alyp bilemizok” diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

“Täze mesgen tutan ýerlerimizi-de çäge basar”

Obalylaryň sözüne görä, eger-de töwerek-daşdan sowrulýan tozanly ýeliň badyny saklajak, obany çölüň süýşýän çägesinden gorajak ýörite agaç nahallary ekilmese we obanyň daşynda bolmaly gorag zolagy döredilmese, onda uzaga gitse ýene 6-7 ýyldan obalylaryň täze mesgen tutan ýurtlaryny, ýerlerini hem çägäň basjagy ikuçsuz.

Türkmenistanda Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän obalara ýa-da gara ýollara çäge süýşýändigi barada mundan ozal hem maglumatlar peýda bolupdy. Azatlyk Radiosy, hususan-da, maý-noýabr aýlary aralygynda paýtagtyň Çoganly sebitindäki we Aşgabat-Daşoguz ýolunyň käbir sebitlerinde çägäniň gara ýollara ýa-da dürli desgalara süýşüp gelýändigini habar berlipdi.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda obalary “gülläp-ösdürmek” üçin diýip, Oba maksatnamasyny kabul etdi. Türkmen döwlet media serişdeleri bu maksatnama esasynda ýurduň dürli künjeginde täze-täze obalaryň we öňden bar obalarda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň we sport mekdepleriniň gurulýandygyny ýygy-ýygydan habar berýärler.

Şol bir wagtyň özünde, umumy tutýan territoriýasynyň 80%-den gowragyny çöl eýeleýän Türkmenistanda çägeleriň süýşmegi tebigy ýagdaý bolsa-da, onuň öňüni almak üçin döwlet tarapyndan ýeterlik derejede alada edilmeýändigini käbir ýerli synçylar we ýaşaýjylar aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna bu mesele dogrusynda Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynyň ýerli resmilerinden telefon arkaly maglumat ýa-da kommentariý almak başartmady.

XS
SM
MD
LG