Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa raketa güjeňläp, 'ýadro urşuna taýýar bolandygyny' aýdýar


Demirgazyk Koreýa 15-nji aprelde kontinentara ballistik raketalary we beýleki harby tehnikalary ägirt uly parada çykaryp, öz duşmanlarynyň garşysyna “ýadro hüjümleri bilen gaýtawul bermäge taýýar bolandygyny” aýtdy.

Häzirki lider Kim Jong Unyň atasy Kim Il Sungyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp guralan parad Demirgazyk Koreýanyň altynjy ýadro synagyna ýa-da ilkinji kontinentara ballistik raketa synagy ýaly düýpli raketa atmaga taýýarlyk görýändigi barada alada edilýän wagtynda geçirildi.

Döwlet telewideniýesi gara penjek-balak, ak köýnek geýen Kimiň paýtagt Phenýanda, Kim II Sung skwerinde beýleki uly derejeli hökümet resmileri bilen parada gatnaşýan müňlerçe esgere we graždan ilata hoşallyk bilen baş atyp, el çarpyşyny görkezdi.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesi ýük maşynlaryna ýüklenen KN-08 kontinentara raketalaryna çalym edýän raketalaryň paraddan geçirilişini görkezdi.

Ekspertler bu raketalaryň teoretiki taýdan uzagyndan Birleşen Ştatlar ýaly kontinental nyşanalary hem urup biljekdigini aýdýalar, emma Demirgazyk Koreýä entek olary synagdan geçirmeli.

Harby uçarlar Kim II Sung skweriniň ýokarsynda, asmanda öwrüm edip, "105" sanyny ýazdylar.

Kim Jong Un Demirgazyk Koreýanyň parady göni alyp görkezen telewideniýesinde hiç zat aýtmady.

Emma ýurduň ikinji uly resmisi diýilýän Çoe Ryong Hae söz sözläp, Phenýanyň Birleşen Ştatlar tarapyndan abanýan islendik wehime garşy durmaga taýýar bolandygyny aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasyny, sebite strategiki harby aktiwleri ýollamak bilen, Koreýa ýarymadasynda “uruş ýagdaýyny döretmekde” tankyt etdi.

"Biz gaýduwsyz urşa gaýduwsyz uruş we ýadro urşy, öz ýasawymyzdaky ýadro hüjümi bilen jogap bereris” diýip, Çoe aýtdy.

Kim häkimiýet başyna 2011-nji ýylyň aýagynda, öz kakasy Kim Jong Iliň ölüminden soň geldi we Birleşen Ştatlara çenli baryp ýetýän kontinentara ballistik raketalarda ýadro ýaraglaryny ulanmak ukybyna eýe bolmagy baş maksat edindi.

Birleşen Ştatlar birnäçe gün ozal, ýokarlanan dartgynlyklar netijesinde, Koreýa ýarymadasyndaky suwlara gämileri, şol sanda bir uçar göteriji iberdi. Prezident Tramp olary gämiler “armadasy” diýip atlandyrdy.

Bu çäre, Birleşen Ştatlaryň graždan adamlara garşy himiki ýaragyň ulanylmagyna jogap edip, geçen hepde Siriýa uran howa zarbalary, Owganystanda şu hepdäniň başynda YD pozisiýalaryna taşlanan ägirt uly bomba bilen bilelikde, Günorta Koreýada Birleşen Ştatlar Demirgazyga garşy harby herekete taýýarlanýan bolmasyn diýen howatyr döretdi.

Emma muňa garamazdan, ABŞ resmileri 14-nji aprelde Tramp adminstrasiýasynyň harby çäre görmäge ýa Kim ýolbaşçylygyny agdarmaga synanyşman, Phenýana Demirgazyk Koreýanyň ýeke-täk uly ýarany Hytaýyň kömegi bilen basyşy güýçlendirjekdigini aýtdylar.

Adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürleşen ABŞ harby resmisi Waşingtonyň Phenýana garşy ýadro ýaragy synagy ýa-da raketa synaglary üçin harby güýç ulanmak niýeti asla ýok diýdi.

XS
SM
MD
LG