Sepleriň elýeterliligi

Türkler 'bir adamyň dolandyryşyna' getirmegi ahmal referendumy makulladylar


Erdogan özüniň tarapdarlaryna ýüzlenip, referendumyň netijelerini gutlamaga çagyrdy.

Türk resmileri ses berijileriň ýurtda prezident respublikasyny döretmäge mümkinçilik berjek konstitusiýon düzedişleri makullandyklaryny aýdýarlar. Deslapky netijelere görä, "hawa" netijesi sesleriň 51% töweregini emele getirýär.

Bu prezident Rejep Taýyp Erdogana goşmaça ygtyýarlyklary berip, onuň ýene bir 10 ýyla çenli häkimiýetde galmagyna ýol açar öýdülýär.

16-njy aprelde Erdogan özüniň tarapdarlaryna ýüzlenip, referendumyň netijelerini gutlamaga çagyrdy.

Türkiýäniň esasy oppozisiýa, Respublikan Halk Partiýasy sesleriň 60% töwereginiň täzeden sanalmagy talap etdi.

Saýlaw resmileri ses berijileriň 48%-niň "ýok" diýip, ses berendigini; şeýle-de ses bermäge haky bolanlaryň 86%-niň referenduma gatnaşandygyny habar berdiler.

Ses berişlik başlanandan birnäçe sagat soň, günorta-gündogardaky Diýarbekir welaýatynda saýlaw nokadynyň daş işiginde iki maşgalanyň arasynda bolan darkaşda iki adam öldürildi diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy habar berdi.

Hususy eýeçilikdäki “Dogan” habar gullugy bu waka “syýasy pikirleriň dürlüliginiň” sebäp bolandygyny, bir adamyň hassahana ýerleşdirilendigini, iki adamyň bolsa tussag astyna alnandygyny habar berdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan Stambulda ses berip, “hawa” diýen kararyň “özgerişlik we öwrülişik üçin seçgi” boljakdygyny aýtdy.

"Biz adaty bolmadyk karar kabul etmeli” diýip, ol žurnalistlere aýtdy we ýurduň “garaşylýan” karary kabul etmegine umyt baglaýandygyny bildirdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň gelejegi bireýýämden dartgynly we, synçylaryň çaklamalaryna görä, Erdoganyň ýeňşi Ankara bilen Brýusseliň arasyndaky gatnaşyklary düýpden üzüp taşlar.

Konstitusiýa girizilmeli 18 düzedişiň ykbaly diňe “hawa” ýa-da “ýok” diýen ýönekeý jogap bilen çözülmeli we bu ses berişlik Türkiýäniň parlamentini hem gowşadar, premýer-ministriň wezipesini ýatyryp, prezidente sudlaryň üstünden garamaga has kän ygtyýarlyk berer.

Erdogan we onuň Adalat we Galkynyş partiýasy (AKP) kürt separatistleriniň dowam edýän pitneçiligi, geçen iýulda başa barmadyk harby agdarlyşyk synanyşygy, ýurtda gaýtlanyp duran terror hüjümleri, goňşy Siriýadaky uruşdan gaçan 2 milliondan gowrak bosgunyň gelip goşulmagy birleşip, öz kararlaryny akgynlaşdyryp we ýurdy öňde duran synaglardan has gowy geçirip biljek güýçli pezidentlige zerurlyk döretdi diýen pikiri öňe sürýär.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan düzedişlere ses bermäge çagyrýar. Sanliurfa, 11-nji aprel, 2017
Prezident Rejep Taýyp Erdogan düzedişlere ses bermäge çagyrýar. Sanliurfa, 11-nji aprel, 2017

Erdogan 15-nji aprelde Stambuldaky ýygnanyşykda referendumyň öň ýanynda goldaw gazanmak üçin soňky çykyşyny edip, başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny nazara almak bilen, “hawa” diýen ses “biziň 15-nji iýulda başlan işimizi tamamlar” diýdi.

Oppozisiýadaky Milli hereket partiýasynyň (MHP) ýolbaşçylary hem, dolandyryjy AKP bilen aýdylmaýan ylalaşyga gelenlerinden soň, “hawa” diýip ses bermäge çagyrdylar.

Emma muňa garamazdan, MHP-nyň bäş sany deputaty teklip edilýän düzedişlere garşy kampaniýa geçirdi we pikir soraýyşlar partiýanyň goldawçylarynyň üçden ikisiniň bu çärelere garşydygyny görkezdi.

Respublikan Halk Partiýasynyň deputaty Silina Dogan bu düzedişleriň awtoritar tebigaty Türkiýäniň owalda-ahyrda Ýewropa Bileleşigine goşulmak umytlarynyň soňuna çykar diýdi.

Kürtlere tarapdar oppozisiýa topary, Halk demokratik partiýasy (HDP) hem, olaryň demokratik däldigini we sudlaryň garaşsyzlygyny bozýandygyny aýdyp, teklip edilýän düzedişlere garşy kampaniýa geçirdi.

Türkiýedäki tankytçylar hökümetiň täze sistemasy “saýlanan diktatura” ýaly bir zat bolar diýmäge çenli baryp ýetdiler. Olar onuň häkimiýet ygtyýarlyklaryny hiç hili bölmän, parlamenti kanuny ygtyýarlykdan we prezidentden ters işleri üçin hasap soramak mümkinçiliginden mahrum etjekdigini aýdýarlar.

Günbatar tankytçylary hem bu düzedişleriň prezidentiň eline häs kän ygtyýarlyk jemlejekdigini aýtdylar.

“Human Rights Watch” bu teklipleriň, eger kabul edilse, adam hukuklaryna, kanunyň hökmürowanlygyna, Türkiýäniň demokratik geljegine ägirt uly howp salýandygyny, olaryň Erdoganyň elinde “çäklendirilmedik häkimiýeti” jemleýandigini aýtdy.

Ýewropanyň adam hukuklary boýunça komissary Nils Muiznieks 12-nji aprelde hasabat çap edip, konstitusiýa düzedişleriniň Türkiýäniň ozaldanam gowşak sudlarynyň awtonomiýasyny azaltjakdygyndan “çuňňur alada” bildirdi.

Muiznieks teklip edilýän düzedişleriň Türkiýäniň konstitusiýasynda adam hukuklary we pikir azatlygy babatdaky “düýpli kemüiliklerden” sowa geçýändigini hem belledi.

German kansleri Angela Merkel apreliň başynda Ankara sapary mahalynda “Türkiýede häkimiýet ygtyýarlyklarynyň bölünişiginiň üpjün edilmegi we pikir dürlüliginiň kepillendirilmegi üçin ähli zadyň edilmegine” çagyrdy.

ÝHHG-nyň saýlaw gözegçiligi topary, Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasy 7-nji aprelde bu kampaniýanyň we ses berişligiň özüniň 2016-njy ýylyň iýulynda başa barmadyk harby döwlet agdarlyşygy synanyşygyndan soň girizilen adatdan daşary ýagdaý şertlerinde geçirilýändigini belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG