Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Ses berijiler kimi ýa-da nämäni goldaýar?


"Ýok" diýen ýazgyny tutup duran adan, Stambul, 11-nji aprel, 2017

Türkiýeliler şu gün, 16-njy aprelde ýurduň konstitusiýasyna girzilmegi teklip edilýän 18 düzedişiiň ykbalyny diňe “hawa” ýa-da “ýok” diýen söz bilen çözmek üçin ses berýärler.

Referendumda “hawa” diýip ses berenler köp bolsa, bu düzedişler ýurt dolandyryşyny parlament sistemasyndan prezident sistemasyna geçirer, prezident Rejep Taýyp Erdogana has kän ygtyýarlyk berer.

Teklip edilýän düzedişleriň tarapdarlary onuň ýurdy güýçlendirmek we öňde durna synaglardan geçmäge taýýar etmek üçin zerurdygyny aýdýarlar, emma bu pikire garşy çykýanlar hem bar. Tankytçylar bu düzedişleriň diňe prezidenti güýçlendirjekdigini, türk demokratiýasyna we adam hukuklaryna howp salýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň Türkiýädäki habarçysy Döwlet Baýhan Türkiýäniň Antalýa welaýatynyň Kemer etrabynyň 1800-nji saýlaw sandygynda bolup, konstitusiýa düzeşileri üçin geçirilýän ses berişlige gelen raýatlaryň birneçsi bilen söhbetdeş boldy.

Türkiýe: Ses berijiler kimi ýa-da nämäni goldaýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:30 0:00

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG