Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Seula geldi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens, režimiň ýadro we raketa programmalary sebäpliDemirgazyk Koreýada dartgynlylyklaryň ýokarlanýan wagtynda, Ýuwaş okean sebitine 10 günlük saparynyň başynda Günorta Koreýa geldi.

Pens Seula 16-njy aprelde, Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýanyň atan raketasynyň şowsuzlyga uçrandygyny aýdanyndan sähel soň geldi.

Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli şowsuzlygy ABŞ-nyň uçar göteriji gämisiniň Koreýa ýarymadasynyň suwlaryna tarap barýan wagtyna gabat geldi.

Emma muňa garamazdan, harby resmiler, ýadro synagyna ýa raketa atmagyna jogap edip, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa garşy harby güýç ulanmak niýetiniň ýokdugyny aýdýarlar.

Pens öz aýaly Karen bilen Seulyň Milli gonamçylygynda guralan gül çemenini goýmak dabarasyna gatnaşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepde Demirgazyk Koreýa barada soralanda, žurnalistlere “Demirgazyk Koreýa bir problema bolup durýar. Bu problema barada alada ediler” diýdi.

Ol eger-de Hytaý, Demirgazyk Koreýanyň esasy söwda hyzmatdaşy Demirgazygy gysmak üçin has kän tagalla etmek islemese, Birleşen Ştatlaryň bu meseläni öz eline almagy ahmal diýip, gaýtalap aýtdy.

XS
SM
MD
LG