Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen mejlisinde ÝB ýurtlarynyň deputatlary bilen duşuşyk boldy


Duşuşykda gender syýasaty meselelerine aýratyn üns berildi. 
Duşuşykda gender syýasaty meselelerine aýratyn üns berildi. 

19-njy aprelde Türkmenistanyň mejlisinde Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň Aşgabada iş saparyna gelen deputatlary bilen duşuşyk boldy.

Türkmen mediasy ýewropaly deputatlaryň delegasiýasyna Ýewropa parlamentiniň wise-başlygyRişard Çarneskiniň ýolbaşçylyk edýändigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, duşuşykda gender syýasaty, mümkinçiligi çäkli adamlaryň goragy boýunça bilelikde hereket etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundanam başga, myhmanlar Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy ýerine ýetirýän işleri we wezipeleri bilen tanyşdyryldy diýip, habarda aýdylýar.

Şu aralykda daşary ýurtlarda neşir edilýän habar saýtlary, hususan-da “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen lukmanlarynyň maýyplygy resmileşdirmekden ýüz öwürýändigini, mümkinçiligi çäkli adamlara mugt berilmeli gymmatbaha dermanlaryň çäklendirilýändigini habar berdi.

Emma resmi Aşgabat bu habarlara reaksiýa bildirmeýär.

XS
SM
MD
LG