Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda obalardan gelen aýal-gyzlaryň zähmet hukuklary bozulýar


Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly. Köçe süpürýän aýallar.
Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly. Köçe süpürýän aýallar.

Türkmen paýtagtynda, sentýabrda geçirilmeli Aziýa oýunlary bilen baglylykda, Aşgabada welaýatlardan gelip işleýän adamlardan saplamak üçin görülýän çäreler has giň gerime eýe bolýar we bu esasan obalardan gelen aýal-gyzlaryň iş, gazanç etmek we maşgala eklemek hukuklaryna agyr zarba urýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýärler.

Bellemeli ýeri, köçe süpüriji aýal-gyzlaryň işlemek we gazanç etmek hukuklaryna ters gelýän çäreler türkmen parlamentinde ÝB ýurtlarynyň deputatlary bilen duşuşyk geçirilip, gender syýasaty we kanunçylyk barada maslahat edilýän wagtyna gabat geldi.

Bu habary “Türkmenistanyň hronikasy” saýty hem tassyklaýar.

Neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, aprel aýynyň başyndan bäri Aşgabatdaky býujet edaralarynda işleýän işgärleri kadrlar bölümlerine çagyryp, “öli janlary” – ýagny ady aýlyk dokumentlerinde bolup, özi işlemeýän adamlary ýüze çykarmak üçin ýörite barlagdan geçirýärler.

Komissiýa çagyrylýan işgärler pasportlaryny, ýagny paýtagta ýazgysynyň, propiskasynyň bardygyny görkezip, gelip çykyşlary, dört arkasy barada ozal, okuwa ýa işe girenlerinde dolduran anketalaryny hem gaýtadan doldurmaly, ýogalan hossarlarynyň haýsy gonamçylykda jaýlanandygy barada hem maglumat bermeli diýip, TH ýazýar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bu barlagyň “öli janlary” ýüze çykarmak bilen bir hatarda, welaýatlardan gelip işleýän köçe süpürijileriň we beýleki işgärleriň işden çykarylmagynyň ýene bir tapgyryna ýol açandygyny aýdýarlar.

"Aziada -2017-ä iki aý galýança..."

Welaýatlardan gelenlere garşy başlanan täze çäre, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran çeşmäniň maglumatyna görä, Aziada -2017-ä iki galýança olaryň ählisini işden çykarmak barada ýokardan, dilden berlen görkezme bilen bagly.

Bu görkezme ozal polisiýanyň, häkimlikleriň üsti bilen Aşgabatda işlemek rugsadyny alan we köçe süpürmek, bagbançylyk ýaly işlere ýerleşen adamlaryň köpüsine täsir etmeli.

Mundan öň welaýatlardan gelen işgärleriň köpüsi paýtagtyň içindäki we töweregindäki hususy howlularyň, daça ýerlerindäki jaýlaryň (15 müň çemesi jaý) köpçülikleýin ýykylmagy bilen elýeterli bahadan kireýine alýan we üç-dört bolup bilelikde ýaşaýan otaglaryndan mahrum boldular. Bu ýagdaý olaryň bir toparyny yzyna gitmäge mejbur etse, ýene bir bölegini köp gatly jaýlardan otag gözlemäge, Aşgabadyň etegindäki oba-şäherlere siňmäge itekledi.

Soň Aşgabatda jaýlary kireýine bermegiň düzgünleri berkidildi we jaýyny kireýine berýän adamlardan baglaşan şertnamasyny kanun esasynda resmileşdirmek, kireý hökmünde eden gazanjyndan salgyt tölemek talap edildi. Elbetde, jaýyny kireýine berýänler öz müşderisiniň işleýän ýeri hakynda hem resmi dokument görkezmeli, olary wagtlaýyn ýazgy etmeli.

Netijede, bu täze talaplaryň hemmesi birleşip, jaý kireýleriniň gymmatlamagyna, jaýyny ýaşamaga berýänleriň kesgin azalmagyna, işläp alan aýlygy jaý kireýine hem eklenjine ýetmeýänleriň bolsa has artmagyna getirdi diýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar. Elbetde, bu täze ýagdaý welaýatlardan gelip, pes aýlykly agyr işlerde işleýän adamlaryň bir toparyny yzyna dolanmaga mejbur etdi.

Açylan 'aýyp'

Ýerli çeşmeleriň käbiri Aşgabatdaky öý uprawleniýeleriniň, şäheri abadanlaşdyryş, ýagny jemagat-hojalyk uprawleniýeleriniň işgärleriniň üçden birine golaýynyň “öli janlar” – ady ýöreýän, emma özi işlemeýän adamlar bolandygyny, täze barlagyň ozaldan bilinýän, emma açyk aýdylmaýan “aýby açandygyny” aýdýar.

Bu ýagdaý, ozal ir sagat altyda köçä çykarylýan köçe süpürijileriň indi daňdan sagat 3-de, 4-de hem işe çykarylyp, esasan aýal-gyzlardan durýan işgärleriň kadaly iş sagadyndan has kän işledilip başlanmagyna getirdi diýip, daňdan sagatlarynda paýtagtyň protokol köçeleriniň biriniň ugrunda gezelenç edýän diňleýjimiz aýtdy.

Şeýle-de ol diňleýjimiz “protokol köçeler hem gije sübselenip süpürilýär, satyn alynýan tehnikalar nirä gitdi?” diýip sorady.

Aşgabatda köçe süpürýänleriň aglaba köplüginiň aýal-gyzlardan ybarat bolmagy we olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilmezligi türkmen paýtagtynda bolan daşary ýurtly turistleriň hem ünsüni özüne çekýär.

Şol bir wagtda, gyşyň aýazyna, tomsuň jöwzasyna garaman köçe süpürýän aýal-gyzlaryň 60-70 prosentiniň çagalaryny gaýynlaryna ýa ýene birine goýup gelen, tanyş-biliş, para bilen işe ýerleşen mätäç raýatlardygy aýdylýar. Şu ýagdaý hem olary, öz işleriniň daşyndan dokumentde ady ýöreýän, özi ýok işgärleriň birkisine derek işlemäge hem-de bir işgäriň aýlygyna kaýyl bolmaga mejbur edýär diýip, ýerli synçylar çaklaýar.

"Öli janlar" üçin çäre ýok

Elbetde, barlagda propiskasynyň ýokdugy belli bolanlar göni işden çykarylýar, ýöne “öli janlara” – işlemedik adamlara aýlyk ýazyp, bikanun gazanç eden iş berijilere görülýän çäre barada hiç bir maglumat ýok diýip, çeşmeler aýdýar. Ikinji tarapdan, Aşgabatda hem işsiz, köçe süpürjek aýal-gyzlaryň kändigi, ýöne Türkmenistanda soňky on ýylda köçe süpüriji bolmak üçin para bermelidigi aýdylýar.

Mundan öň Aşgabatda welaýat belgili awtoulaglary sürmäge çäklendirme girizildi, köne maşynlary sürýänler gysylyp başlandy we regionlardan gelen köneräk eşikli adamlar tutulyp, yzyna ugradylýar diýen habarlar gowuşdy.

XS
SM
MD
LG