Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

On müňlerçe protestçi ylmy goldap, 'faktlara hüjüm edilmegine' garşy ýörişe çykdy


Belgrad, protestçiler döwlet býujetiniň diňe 0.7 prosentiniň ylma goýberilendigini aýtdylar.

22-nji aprelde onlarça müň adam Waşington okrugynda we dünýäniň beýleki şäherlerinde ylma goldaw bildirip we populist syýasatçylar tarapyndan “faktlara hüjüm edilmegi” diýilýäne garşy proteste çykdy.

“Ylym üçin ýöriş” demonstrasiýalary Ýer gününde, guramaçylaryň öz saýtlarynda aýtmaklaryna görä, “ylmyň biziň saglygymyzda, howpsuzlygymyzda, ykdysadyýetlerimizde we hökümetlerimizde oýnaýan möhüm roluny goramak” tagallalarynyň çäginde geçirildi.

Protestçileriň köpüsi bu güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň alyp barýan syýasatlaryna gaýtawul bermek üçin ulandy, sebäbi ol geçmişde ylmy gözlegleri, hususan-da klimat özgermesi babatdaky barlaglary, ýalançylyk hökmünde, ret edipdi.

Protestçiler ýagyş-ýagmyrly howada, öýlänler Waşington ýadygärliginiň ýanyna aýdym-saz, söz sözlemek we alymlaryň çykyşlaryny diňlemek üçin toplandylar.

Prezident Tramp harby hassahanadaky ýaraly esgerleriň halyny soramaga barýan wagty, öz ýolunyň ugrunda “Ýeriň ölýändigini inkär etmegiňizi bes ediň” diýen şygary göterip barýan onlarça protestçiniň gabadyndan geçdi.

Guramaçylar bu protestleriň ol ýa-da beýleki partiýanyň tarapyny tutmazdan, ýagny partiýasyz esaslarda geçirilendigini aýtdylar, emma şygarlaryň we plakatlaryň köpüsinde Trampyň syýasatlary nyşana alyndy.

Demonstrasiýaçylar Ýer togalagynyň beýleki şäherlerinde hem ýöriş etdiler.

Parižde fransuz dilinde ýazylan bir şygarda “Biz Waşingtondan abanýan mämişi wehime garşy durýarys! Ylmy gora!” diýilýärdi.

Serbiýada ýüzlerçe alym we protestçi Belgradda ýöriş edip, häkimiýietlerden has gowy işe şertlerini talap etdiler hem-de döwlet býujetiniň diňe 0.7 prosentiniň ylma goýberilendigini aýtdylar.

Bu protestler beýleki demonstarasiýaçylaryň, esasan studentleriň premýer-ministr Aleksandr Wuçiçiň prezident saýlawlarynyň garşysyna geçirýän protestleriniň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, Sidnide ýörişe çykan bir demonstrant şeýle diýdi:

"Bu günki günde şeýle bir galp habar köpeldi we dürli faktlar peýda bolýar, onsoň biziň şu günki bilýän jemgyýetimizi ylmyň gurandygyny ýatda saklamagymyz möhüm bolup durýar.”

AÝ/AR-nyň Balkan gullugynyň, AP, AFP we dpa habar agentlikleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG