Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mogherini Orsýete ilkinji resmi saparyna başlady


Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogherini

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogherini özüniň Orsýete ilkinji resmi saparyna başlaýar. Moskwa bilen 28 agzaly bileleşigiň arasyndaky dartgynlyk häzir ýokary derejede dur.

Iki tarapyň-da aýtmagyna görä, Mogherini 24-nji aprelde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we beýleki meseleler bilen birlikde Ukraina, Siriýa, Liwiýa we Eýran hakda pikir alşar.

Mogheriniň edarasy onuň Lawrow bilen gyssagly daşary syýasy meseleler, aýratyn-da, Siriýa konflikti hakda pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi hem Moskwanyň “Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy täzeden ýola goýmak boýunça düýpli gepleşiklere” garaşýandygyny aýdýar.

Ministrligiň beýannamasynda: “Orsýet bilen Ýewropa Bileleşigi arasyndaky gatnaşyklar kyn döwri başdan geçirýär” diýilýär.

Italiýanyň daşary işler ministri wagtynda Orsýete duýgudaşlyk edýär diýen ada eýe bolan we 2014-nji ýylda häzirki wezipä gelen Moghirini Lawrow we Orsýetiň beýleki resmileri bilen dürli garaýyş tapawutlary hakda hem pikir alşar.

Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlar Orsýet milli saýlawlara garyşýar diýip alada bildirýärler. Moskwa bolsa muny ret edýär.

Günbatar döwletleri Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdirip, gündogar Ukrainadaky ýaragly separatistlere arka durmagyna jogap edip, Moskwanyň garşysyna sanksiýa girizdiler.

Alty ýyl bäri gozgalaňçylara garşy Siriýada barýan graždanlyk urşunda-da Orsýetiň prezident Başar al-Assady goldamagy hakda hem Günbatarda nägilelik bar.

Merkezi Nýu Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa boýunça direktory Filip Dam Mogherini ors liderleri bilen içerdäki adam hukuklarynyň ýagdaýy hakda hem berk gürleşmeli diýýär.

Ol guramanyň internet saýtynda rus prezidenti Wladimir Putin içerdäki ýagdaýy ulaltmazlyga synanyşyp, rus goşunynyň gözüniň alnynda öz ýaranlary tarapyndan Siriýada we Ukrainada edilýän jenaýatlary ret edýär diýip ýazýar.

Dam Mogherini rus hökümetiniň garaşsyz mediany, graždan jemgyýetine degişli toparlary we başga pikirlileri “dymdyrandygyny” ýatdan çykarmaly däl diýýär.

“Ykdysady ýagdaýdan närazylyk, barha artýan deňsizlik we korrupsýa sebäpli ýaşlaryň köpüsi köçelere çykdylar” diýip, Dam aýdýar.

“Häkimiýetler muňa oppozision lider Alekseý Nawalnyny we ýüzlerçe adamy, şol sanda birnäçe žurnalisti tussag etmek bilen jogap berdiler”.

Dam şeýle hem Moghereini “Ýewropa gymmatlyklarynyň öz tankytçylaryny basyp ýatyrýan bir hökümet bilen hyzmatdaşlygy bökdeýändigini” aýdyň görkezmeli diýýär.

Damyň aýtmagyna görä, Mogherini Çeçenistanda gomoseksual hasaplanýan erkeklere döwletiň goldawy bilen hüjüm edilmegi hakda “gahar-gazap bildirmeli”.

1-nji aprelde garaşsyz gazet “Nowaýa gazeta” Çeçenistanda gomoseksuallykda güman edilip, 100-den gowrak adamyň tutulandygyny we azyndan üç adamyň hem öldürilendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG