Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Mugallymlaryň aýlyklary wagtynda berilmeýär


Illýustrasiýa.

Aşgabadyň mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň we çagalar baglarynyň işgärleriniň aýlyk haklarynyň ýene-de wagtynda tölenmeýändigi barada maglumatlar bar.

Adynyň tutulmazlygyny soran mekdep mugallymasy şu ýylyň mart aýynyň aýlyk hakyny şu güne çenli alyp bilmeýändigini aýdýar.

“Ynha, aprel aýy ahyr bolup barýar. Bize bolsa heniz martyň aýlyk haky hem tölenmeýär. Her aýda aý orta bolanda awans alýan haklarymyz hem mart-aprel aýlary üçin tölenmedi. Her gün işden soňra öýe barman bankomatlara aýlanyp, aýlyk haklarymyzyň bankomata geçendigini ýa geçmändigini barlaýarys. Emma kartlarymyz boş çykýar. Ýolbaşçylardan bu mesele barada soranymyzda, olar bize her hepdede aýlyk haklarymyzyň bankomata geçiriljekdigini aýdýarlar” diýip, mugallyma zenan aýdýar.

Ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosy ýurduň dürli welaýatlarynda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň aýlyklarynyň wagtynda berilmeýändigi barada soňky bir ýylyň dowamynda ençeme gezek habar beripdi. Olaryň arasynda magaryf, saglyk we nebit-gaz pudagynyň işgärleri bar.

Paýtagtyň mugallymlarynyň käbirleri “ynha 10-ynda geçer, 15-inde geçer, 20-sinde geçer diýip, bizi hoş söz bilen güýmeýärler. Emma hoş sözden çagaňa çörek bolmaýar. Bir aýlyga daňlyp oturan uly maşgalalar ne gerek zatlaryny edinip bilýärler, ne-de azyk önümlerini geregiçe satyn alyp bilýärler. Iýjek-işjegimiz alada boldy” diýýärler.

Onuň sözüne görä, geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlary hem magaryf işgärleriniň aýlyk haklary wagtynda berilmändir. Emma dekabryň ahyrynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, prezidentiň görkezmesi bilen işgärleriň aýlyk haklary baýramçylykdan ozal doly tölenip, hasaplaşyk geçirlipdir.

“Ýylyň başynda bir-iki aý kadaly aýlyk aldyk diýsek, ynha, ýene-de ozalky ýagdaý gaýtalanýar. Kadaly diýsegem, kadaly wagty hem bankomatlardan pul çekeniňde, bir müň manatdan artykmaç pul çekip bolmaýar. Ara 5 gün salyp ýene-de galan puluňy almak üçin, bankomat gözläp ýörensiň, sebäbi bankomatlaryň köpüsinde nagt pul hem bolmaýar. Pul bolan bankomatlaryň hem nobatlary ýetik. Öýüňde arkaýyn oturyp dem-dynç aljak ýa gitmeli ýeriňe arkaýyn gitjek gümanyň ýok” diýip, mugallyma zenan nygtaýar.

Ol “hem nerwiň ýadaýar, hem özüň ýadaýarsyň. Okuwçynyň depderlerini barlamaly, ertirki sapaklara taýýarlyk görmeli, bankomatlara aýlanyp ýörmänimizde-de, mugallymlaryň işi şeýle-de ýetik. Ýöne biziň ýagdaýmyza ýolbaşçylar düşünmeýän bolarly” diýýär.

Türkmenistanda aýlyk haklarynyň wagtynda tölenmeýän faktlarynyň geçen ýylyň dowamynda Nebit-gaz konserniniň edaralarynda, geologiýa gözleg-agtaryş institutynyň edaralarynda hem ýüz berendigi barada maglumatlar bolupdy.

Aşgabatgurluşyk, Ahalgurluşyk önümçilik birleşiginiň gurluşyklarynda işleýän işgärleriň bolsa alty aýdan bäri hem aýlyk haklaryny alyp bilmeýändikleri barada, bu edaralaryň gurluşykçylary aýdýarlar.

“Işi taşlabam gördük, emma netije bermedi. Başga ýerden iş tapman ýene-de ozalky iş ýerimize barmaga mejbur boldyk. Ahyr bir gün zähmet haklarymyz berilmeli bolar-da diýen umyt bilen, işe gatnap ýörüs. Gün-güzeranmyz bolsa haksyz işgäriň güzerany” diýip, özüni Sapar diýip tanyşdyran gurluşykçy hem gurluşykçylaryň ýagdaýy barada janygyp gürrüň berýär.

Türkmenistanda işgärleriň aýlyk haklarynyň berilmeýändigini şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça bäşinji Aziýa oýunlary bilen baglanyşdyrýan ildeşlerimizem kän.

Ýöne işgärleriň aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýändigini Türkmenistanyň agyr ykdysady ýagdaýy başdan geçirýändigi bilen baglanyşdyrýanlaryň agdyklyk edýändigini görse bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG