Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki rektoryň '15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi' aýdylýar


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jaýy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jaýy

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti, öz çeşmelerine salgylanyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ozalky rektory Gurtnyýaz Hanmyradowyň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, ol Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň birnäçe maddasy boýunça sud edilipdir, şol bir wagtda-da öňki rektoryň anyk haçan we nirede sud edilendigi, nähili jenaýatda aýyplanandygy we günäli tapylandygy, onuň çykarylan hökümden şikaýat edendigi ýa etmändigi belli bolman galýar.

Gurtnyýaz Nuryýewiç Hanmyradow rektorlykdan, TDH-nyň 25-nji fewralda beren maglumatyna görä, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin boşadylypdy”, emma habarda ol diýilýän “düýpli kemçilikleriň” nämedigi anyklaşdyrylmandy we ol sebäbi anyk aýdylman işden boşadylan ilkinji resmi däl.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky ynamdar çeşmesi Gurtnyýaz Hanmyradowyň sud edilendigi baradaky maglumaty onuň 7 ýyllap rektorlyk eden uniwersitetinde işleýän professorlaryň birnäçesiniň tassyklandygyny, ýöne olaryň hiç biriniň anyk gürrüň etmek islemändigini habar berdi. Ýöne Azatlygyň bu habar bilen bagly resmi düşündiriş almak synanyşyklary şowsuz gutardy.

ÝOJ-lardaky para problemasy

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti, ýerli synçylara salgylanyp, G.Hanmyradowyň ilki wezipesinden boşadylmagynyň, soň azatlykdan mahrum edilmeginiň korrupsiýa bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.Sebäbi Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna okuw girmek üçin uly möçberlerde para bermegiň dowam edýändigi, hatda bu paranyň möçberleriniň kähalatda daşary ýurtlara gidip, tölegli okuwda okaýanlaryň harajatlaryndan hem kän bolýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ýokary okuw jaýlarynda bar diýilýän korrupsiýany berk tankytlap, rektorlary çalşan hem bolsa, soňy bilen mekdeplerde we ÝOJ-larda okuwmöhletlerini, her ýyl ÝOJ-lara kabul edilýän studentleriň sanyny azaltdy, ýörite bilimwe hünär berýän okuw jaýlarynyň bir toparyny ýapdy.

Berdimuhamedowyň bilim reformasy

Synçylar bu ýagdaýyň bilimdäki paranyň sowet ýyllaryndakydan hem has köpelmegine sebäp bolandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda türkmen ÝOJ-laryndaky paranyň möçberleri barada anyk we resmi statistika ýok. Ýöne muňa garamazdan, Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende bilimdäki problemalary gytaklaýyn boýun aldy we bu ulgamda uly özgertmeleriň geçiriljekdigini wada berdi.

Şol wada berlen reformalaryň çäginde türkmen ÝOJ-larynyň ählisinde giriş synaglarynyň wideo ýazgy edilýändigi habar berildi. Döwlet baştutanynyň özsözleri bilen tassyklamagyna görä, bu ýazgylar “giriş synaglarynyň barşynda mugallymlaryň aýry-aýry dalaşgärlere aç-açan kömek berýändigini, ýa-da olara goýulýan bahalaryň esassyz ýokarlanýandygyny görkezdi”.

Şeýle-de prezident bilim ministrine we beýleki ýolbaşçylara bu ugurda ýörite topar döretmegi,“kemçiliklere ýol beren mugallymlara berk ýäre görmegi” tabşyrdy.

Prezident Berdimuhamedowyň wada beren bilim reformasynyň, ýagny bilimdäki para garşy yglan eden göreşiniň iň görnükli mysaly 2009-njy ýylda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýüze çykarylan parahorlyk boldy. Ýagny türkmen mediasy bu institutyň rektory Aýna Gurbannyýazowanyň “gös-göni gatnaşmagynda” jemi sekiz adamdan 119 müň amerikan dollary möçberinde para alnandygyny” habar berdi.

Prezident Berdimuhamedow bolsa, hökümet mejlisinde parada tutulandygy aýdylýan rektoryň üsti bilen beýleki ýolbaşçylara hem ýüzlenip, “halal işlemek, bednebis bolmazlyk” barada nesihat berdi.

Mundanam başga, şol gün türkmen telewideniýesi parada tutulan diýilýän dekanyň, Toýly Baýramowyň wideokameranyň öňünde özüni ýazgaryp, prezidenti öwüp eden tobasyny efire berdi.

Synçylaryň käbiri bu görlen çärelerden soň ÝOJ-lara öz güýji bilen okap, synaglara çyndan taýýarlanyp we para bermän girendigini aýdyp bilýän ýaşlaryň, çagasynyň okuwa girer öýtmese-de girendigini aýdýan ene-atalaryň köpelendigini aýdýar. Emma Azatlygyň ynamdar çeşmesi golaýda türkmen ÝOJ-laryna okuwa girmekdäki köne problemalaryň esasan saklanyp galýandygyny aýtdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ozalky rektory Hanmyradowa dolanyp gelsek, ol uniwersitetdäki mugallymçylyk işine 1980-nji ýyllaryň başynda başlapdy. Soň ol, Berdimuhamedowyň yglan eden bilim reformasynyň çäginde Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogiki institutynyň ýolbaşçysy boldy we ol ýerden Aşgabada, Türkmen döwlet uniwersitetine geçirildi.

TAH-yň maglumatyna görä, Hanmyradow wezipeden boşadylyp, tussag edilmezinden birnäçe gün gün öň onuň Bilim ministrliginde işleýän aýaly öz islegi bilen işden çykypdyr.

Türkmen hökümetiniň 2009-njy ýylda bilimdäki parahorlugy belli derejede aç-açan paş edişinden çen tutsaň, Hanmyradowyň işi barada dymylmagy geň görünýär. Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ýokary bilim bermegiň döwletiň ileri tutýan meseleleriniň biridigini gaýtalaýar.

XS
SM
MD
LG