Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Kaliningradda 12 sany merkezi aziýaly 'terrorçyny' tussag etdi


FSB-niň güman edilýänler baradaky wideosy döwlet telewideniýesinde halka görkezildi.
FSB-niň güman edilýänler baradaky wideosy döwlet telewideniýesinde halka görkezildi.

Orsýetiň ýurt içindäki esasy howpsuzlyk gullugy 26-njy aprelde, yslamçy ekstremist topara dahyllylykda güman edip, Kaliningrad regionynda 12 adamy tussag edendigini aýtdy.

Bu tussag edişlik Federal howpsuzlyk gullugynyň “Yslam döwleti” ekstremist toparyny goldamakda güman edilýän iki adamy tussag eden gününe gabat geldi. YD Orsýetiň Uzak Gündogarynda “uly derejeli” terror hüjümini planlaşdyrýandygyny aýdypdy.

FSB-niň Kaliningradda tussag eden 12 adamynyň yslamçy “Jihad-Jamaat Mujahedin” topary bilen ilteşiklidigi we merkezi aziýalydygy aýdylýar. Olaryň jeňçilik hereketleri üçin nöker toplamak bilen meşgullanan bolmagynyň ahmaldygy güman edilýär.

Bu toparçagyň liderini Özbegistan ekstremist jenaýatlary üçin gözlenýän adamlaryň sanawyna goşdy diýip, FSB aýtdy we olaryň öz ýurtlarynda terrorizm aýyplamalary esasynda jogapkärçilige çekilmegi üçin dogduk ýurtlaryna deportasiýa edilmeginiň planlaşdyrylýandygyny sözüne goşdy.

Adam hukuklary toparlary, Orsýetden Özbegistana iberilse, olaryň ýowuz daraşma we adam gynamasy bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallyklarynyň ýokarydygyny aýdýarlar.

Polşa bilen Litwanyň aralygynda ýerleşýän we Russiýanyň iň günbatar bölegi bolan Kaliningradyň Orsýet üçin uly harby ähmiýeti bar we bu territoriýada Baltika floty saklanýar.

Bu Orsýetde şu aýda ozalky Sowet Soýuzynyň Orta Aziýa respublikalaryndan bolan adamlaryň ýurt serhediniň içindeazyndan üçünji gezek terrorçylyk hereketlerinde aýyplanmasy boldy.

Rus häkimiýetleri 3-nji aprelde Sankt-Peterburg metrosynda 16 adamy öldüren partlamanyň Gyrgyzystanda doglan, rus raýatlygyny alan etniki özbek bolandygyny aýtdylar. Ol metro partlamasynda ölenleriň arasyndan öli tapyldy. Şonda häkimiýetler bu hüjüm bilen ilteşiklilikde güman edip, merkezi aziýaly 10 adamy tussag etdiler.

Howpsuzlyk gullugy 26-njy aprelde YD bilen ilteşiklilikde güman edilip Günorta Sahalinskde tutulan iki adamyň biriniň hem merkezi aziýaly bolandygyny aýtdy, emma aýratyn bir ýurduň adyny agzamady.

Sahalinde tutulan ikinji güman edilýän russiýaly diýip, agentlik aýtdy.

FSB bu iki adamyň Sahalindäki ýaşaýan ýerinde geçirilen barlagda öýde ýasalan partlaýjy enjamlaryň, YD wagyzlarynyň we bomba ýasamak baradaky instruksiýaly mobil telefonlaryň tapylandygyny aýtdy.

Agentlik bu iki adamyň jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň köp toplanan ýerlerini nyşana alýan “uly derejeli” terror hüjümini planlaşdyrandygyny aýtdy.

FSB-niň güman edilýänler baradaky wideosy, elleri gandally we polda ýüzin ýatyrylan adamlar Orsýetiň döwlet telewideniýesinde halka görkezildi.

YD geçen hepdeHabarowsk şäherinde FSB-niň ofisinde iki adamyň ölümine getiren hüjümiwe Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Emma muňa garamazdan, häkimiýetler bu hüjümiň jeňçi topar bilen baglanyşygynyň bolandygyny ret etdiler we 17 ýaşyndaky etniki rusyň, atylyp öldürilen hüjümçiniň neo-Nazistler bilen galtaşyklydygyny aýtdylar.

Sahalin adasy, FSB-niň planlaşdyrylan YD hüjüminiň öňüni aldym diýýän ýeri nebit-gaz ýataklaryna baý we ol ýerde Gazprom, Exxon Mobil, Shell we beýleki energiýa kompaniýalary tarapyndan milliardlarça dollarlyk maýa ýatyryldy.

AP, AFP, dpa, TASS, we Interfaks habar gulluklarynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG