Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Çilim 25 manatdan, gaýtadan satylyp başlandy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň käbirinde, üç aýa golaý arakesmeden soň, çilim gaýtadan satuwa çykdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, çilimiň bahasy 19 manatdan, 25 manada çykaryldy we häzirlikçe adamlar onuň diňe bir görnüşini, ýagny Ermenistan respublikasynda öndürilen çilimi satyn alyp bilýärler.

Aýdylmagyna görä, penşenbe güni döwlet dükanlarynyň açylýan wagty satylyp başlanan çilimi almak üçin, 200-e golaý adamdan ybarat uly nobatlar emele geldi. Emma muňa garamazdan, çilim käbir dükanlarda diňe bir sagat, käbirinde ortaça 40 minut satyldy.

“Bir günde her adama bir guty çilim satylýar. Edil öňki ýagdaý. Irden çilim gutarsa-gutarmasa-da, bir sagatdan soňra döwlet eýeçiligindäki dükanyň satyjysy gürrüň berdi. Käbiri bir sagatdan soň, ‘boldy ertir nobata durarsyňyz’ diýip ýapdylar diýýär. Bir-iki adama-da polisiýa gullugynyň işgärleri ‘aklyňa aýlan, aklyňa aýlanmasaň, polisiýa bölümine äkidip, şol ýerde akylyňa aýlarys’ diýenden soň dargady diýýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyray Bugaýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, çilim nobatlaryna polisiýa, Döwlet Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri, şäheriň, etrabyň söwda guramalarynyň işgärleri hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işgärleri gözegçilik edýärler.

Çilim nobatyna duran adamlar.
Çilim nobatyna duran adamlar.

Mundanam başga, öňküden tapawutlylykda, häzirki wagt çilimler Aşgabadyň merkezindäki döwlet dükanlarynda däl-de, gyra-çetlerde ýerleşýän dükanlarda, olaryň arka tarapyndaky gapylarynda satylýar.

Käbir çilimkeşleriň öňe sürmegine görä, bu çäre Aşgabatda sportuň iki ugry boýunça geçirilýän “Aziýa çempionatyna” we ahal-teke bedewleriniň Bütindünýä assosiasiýasynyň VII maslahatyna gelen myhmanlara dükanlaryň öňündäki uly nobatlary görkezmezlik üçin amala aşyrylýar.

“Resmi derejede çagyrylyp getirilen myhmanlar bar. Bu çäre şol myhmanlar uzyn nobatlary görmesin diýlip edilýän bolmagy mümkin diýip, çilim nobatyna durýan çilimkeşler aýdýarlar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Bir ýyla golaý wagt bäri döwlet eýeçiligindäki dükanlarda käte satylyp, käte-de tekjelerden ýitirim edilýän çilimiň bu gezekki satuwynyň haçana çenli dowam etjekdigi barada, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ilat köpçüligine anyk maglumat berilmeýär.

Emma döwlet eýeçiligindäki dükanlarda işleýän işgärleriň aýtmagyna görä, çilimi 25 manatdan satmaklyk diňe apreliň ahyryna çenli dowam eder we maý aýyndan başlap, onuň üstüne ýene-de 3 manat goşulyp satylar.

“Maý aýynyň ýurtda ‘Temmäkä garşy göreş aýy’ diýlip yglan ediljekdigi, şol aýyň dowamynda çilimiň 28 manatdan satylmalydygy barada, dilden görkezme berildi. Şol görkezmäniň aprel aýynyň soňky gününde ýazmaça buýruk görnüşinde hem ugradyljakdygy barada, ýokardan habar berildi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran dükan işgäri aýtdy.

'Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat etmek'

Ýatladyp geçsek, üç aýa golaý mundan öň, ýagny şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen prezident saýlawlaryndan bir hepde çemesi ozal Aşgabat şäherindäki döwlete degişli dükanlarda çilimiň satuwy doly ýatyrylypdy.

Şondan bäri çilimi diňe hususy eýeçilikdäki dükanlarda ýarym gizlin, ýarym açyk görnüşde satyn alyp bolýardy. Bu dükanlarda döwlet eýeçiligindäki çilimler tas iki esse gymmada, ýagny ortaça 45 manada, ýewropa ýurtlarynda we Dubaýda öndürilen käbir çilimler 85-120 manada satylýar.

14-nji martda Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Şonda türkmen mediasy “zyýanly endikleri ýok etmek we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen... Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň ýakyn bäş ýyl üçin, Milli maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

2016-njy ýylyň martynda prezident G. Berdimuhamedowyň gol goýan karary esasynda, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

XS
SM
MD
LG