Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ABŞ-a gulak asman, ýene raketa synagyny geçirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson BMG-da çykyş edýär. 28-nji aprel, 2017.

Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlaryň we beýleki dünýä döwletleriniň duýduryşyna gulak asman, 29-njy aprel güni irden ýene bir ballistik raketasyny synag etdi.

ABŞ we Günorta Koreýa resmileri Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýan töwereklerinden atylan raketanyň, ýakynda geçirilen beýleki synaglarda bolşy ýaly, ýene şowsuz bolandygyny aýtdylar.

Günorta Koreýanyň resmileri raketanyň atylanyndan soň sanaýmalyja minut uçup, Demirgazyk Koreýanyň çäginden çykyp bilmän galandygyny aýtdylar.

Bu raketa synagy Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýany bu hili synaglary geçirmegi bes etmegine yrmak üçin global goldaw gazanmaga çalyşýan wagtynda geçirildi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ak tamda bu raketa synagy barada habar berenlerinden soň, twitterde “Demirgazyk Koreýa Hytaýyň we onuň ýokary derejede hormatlanylýan prezidentiniň arzuw-isleglerine sylagsyzlyk etdi” diýdi.

Hytaý golaýda Demirgazyk Koreýa mundan beýläk geçirilen islendik ýadro synagynyň Pekini has kän sanksiýa girizmäge iteklejekdigini duýdurypdy.

Hytaý bu raketa synagyna bada-bat reaksiýa bildirmedi.

Bu raketa synagy ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Birleşen Milletler Guramasyna ýüzlenip, Demirgazyk Koreýanyň Seula ýa-da Tokio ýadro zarbasyny urmak haýbaty “real” we hereket edilmezligi “betbagtçylykly netijelere” getirip biler diýeninden soň birnäçe sagat soň geçirildi.

Tillerson 28-nji aprelde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde sözlän sözünde BMG-nyň agzalaryny, režimiň bikanun ýadro we ballistik ýarag programmalaryna jogap hökmünde, Demirgazyk Koreýa garşy maliýe sanksiýalaryny güýçlendirmäge ýa-da özleriniň Phenýan bilen diplomatiki gatnaşyklaryny azaltmaga çagyrdy.

Ol Demirgazyk Koreýa birnäçe ýyl bäri “howply” hereketlere baş goşýar we “biziň indi bu ýagdaýy gaýtadan kontrol astyna almagymyza wagt ýetdi” diýdi.

“Soňky 20 ýylda bu [ýarag] programmalaryny togtamak barada edilen gowy niýetli diplomatiki tagallalar şowsuz boldy” diýip, Tillerson Howpsuzlyk geňeşine aýtdy.

“Howp-hataryň ýokarlanmagy bilen, biziň ählimiziň Demirgazyk Koreýa, bu howply ýoldan ýüz öwürmegi üçin, täzeden basyş etmegimiziň wagty geldi” diýip, ol aýtdy.

Tillerson BMG agzalaryny Demirgazyk Koreýa garşy girizilen sanksiýalarda öz üstlerine alan borçlaryny berjaý etmäge hem-de bu ýurduň maliýe izolýasiýasyny ýokarlandyryp, täze sanksiýalary girizmäge we ozalky bar bolan gadaganlyklary berkitmäge çagyrdy.

Ol diplomatiki tagallalaryň ileri tutulýandygyny aýtdy, ýöne zerur bolan halatynda, Demirgazyk Koreýanyň harby agressiýasyna garşy durmak üçin, Birleşen Ştatlaryň harby çäre görmek islegini hem dile getirdi.

“Prowokasiýalaryň mundan aňryk hem beterleşmegine gaýtawul bermek üçin ähli mümkin bolan çäreler gün tertibinde galýar” diýip, Tillerson aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hytaýyň, Phenýanyň esasy ýaranyny hem Phenýanyň ýaraglar programmasyny jylawlamak tagallalaryna kömekleşmä çagyrdy, ýagny Hytaýyň ozalky gören çäreleriniň üstesine ýene has kän tagalla etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.


Tillerson 27-nji aprelde Hytaýyň “Phenýan režimi bilen gürleşýändigini” aýtdy we “olar bize režimiň indiden eýläk ýadro synagyny geçirmezligini talap edendiklerini tassyklady” diýdi.

Şeýle-de Tillerson Pekin Waşingtona “eger Demirgazyk Koreýa ýene ýadro synaglaryny geçirse, Hytaýyň olary öz sanksiýa çärelerini görjeginden habarly edendigini” aýtdy diýdi.

Emma Hytýayň daşary işler ministri Wang Ýi 28-nji aprelde BMG-da bolan duşuşykda “ýarymadadyky ýadro meselesini çözmegiň açary Hytaý tarapynyň elinde däl” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň raketa synagy “USS Carl Vinson” uçar göteriji toparynyň Koreýa ýarymadasynyň golaýyna gelip,ABŞ-nyň Günorta Koreýa portunda durýan “USS Michigan” suwasty gämisine goşulan wagtyna gabat geldi.

Uçar göteriji topar Demirgazyk Koreýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky kanalda ýapon harbylary bilen geçirilen harby maşklary tamamlap geldi.

Phenýanyň ýadro we ballistik raketa programmalary BMG tarapyndan gadagan edildi.

Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlyklar prezident Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň arasynda aýdylan kesgin sözler esasynda ýokarlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG