Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Ýanukowiçiň 'ogurlan' $1,5 milliardyny konfiskasiýa edýär


Ozalky prezident Wiktor Ýanukowiç
Ozalky prezident Wiktor Ýanukowiç

Ukraina 28-nji aprelde wezipesinden çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiç we onuň ýoldaşlary tarapyndan Kiýew hökümetinden ogurlanan diýilýän $1.5 milliard dollarlyk emlägi yzyna dolamaga başlady.

"Bu pullar ukrain halkyndan ogurlandy” diýip, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko öz ýüzlenmesinde aýtdy. “Bu pullar her bir ukrainalynyň jübüsinden çykarylyp alyndy”.

Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşi Oşadbank döwlet amanat bankynyň, golaýda çykarylan sud karary esasynda, Orsýet tarapyndan goldanylan prezidentiň emläklerini konfiskasiýa etmäge başlandygyny habar berdi.

Geňeşiň başlygy Oleksandr Turçinow $1.5 milliardyň döwlet býujetine gaýtadan goşuljakdygyny aýtdy.

Poroşenkonyň metbugat gullugy bu serişdäniň anyk möçberiniň Ýanukowiç heniz häkimiýetde bolan wagtynda 40 milliard griwene, ýany 5 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.

Ýanukowiçe we onuň ýakyn töweregindäkilere degişli bolan emläkler Ukrainada onuň hökümeti 2014-nji ýylyň fewralynda köçe protestleri esasynda iş başyndan çekilmäge mejbur edilip, olar Orsýete gaçaly bäri doňdurylgydy.

Köne gwardiýanyň ogurlan bolmagy ahmal pullarynyň anyk möçberi belli bolman galýar. Ukrainanyň iş başyndaky prokurory 2014-nji ýylyň aprelinde Ýanukowiçiň ýakyn töweregini jenaýat toparyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplady we munuň Ukraina 100 milliard dollara çenli zyýan ýetirendigini öňe sürdi.

Şweýsariýa hem Ýanukowiçe we onuň ýakyn töwereginiň 19 agzasyna degişli emläkleri ol dört ýyllap oturan wezipesinden çetleşdirilip, ýerine günbatarçy prezident Poroşenkonyň hökümeti geçeninden bir hepdä golaý wagtda doňdurdy.

Ýanukowiç Kiýewiň eteginde kaşaň köşk gurnup, haýwanat bag edinip, millionlarça dollara durýan klassyk maşynlaryň kolleksiýasyny toplap, örän bol-elinçilikde döwran sürdi.

Onuň myhmanlaryna göz eden altyn çöregi Ýanukowiçiň hökümetiniň sowrujylygynyň simwolyna aýlandy.

Ýanukowiçiň aklawçysy Witali Serdýuk öz müşderisiniň konfiskasiýa edilen $1.5 millard dollara dahyllydygyny ret etdi we ozalky prezidentiň şahsy bank hasabynda galan pullaryň has azdygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG