Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedowyň tankydy 'iş ýerleriniň ýapylmagyna getirýär'


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň paýtagtynda we regionlarda prezidentiň tankydyndan soň kanuny esasda işleýän awtoserwisleriň aglaba köplügi işlemesini togtatdy diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär.

Bu habary “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti hem tassyklaýar. Neşiriň maglumatyna görä, “soňky üç günde Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerindäki hususy awtoýuwalgalar, awtoserwisler we wulkanizasiýalar işlemeýär, awtoulaglara kanun esasynda hyzmat edýän awtoserwisleriň eýelerini salgyt gulluklaryna barmaly etdiler, bikanun işleýän awtohyzmat desgalaryny bolsa buldozerläp ýykýarlar” diýip, maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowy Aşgabatda we şäher eteklerinde bikanun işleýän awtoserwislere gözegçilik etmezlikde tankyt edipdi.

Ýerli synçylar prezidentiň tankydyndan soň görülýän çäreler esasynda ýüzlerçe adamyň işini ýitirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG