Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan tölegli institutyň täze jaýyny gurýar


Türkmen studentleri

28-nji aprelde, anna güni geçirilen hökümet maslahatynda berlen habara görä, Türkmenistanda tölegli institutyň 2 müň studente niýetlenen jaýy gurulýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Jemagat hojalygy ministrliginiň buýurmagynda gurulýan Jemagat hojalygy institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk-gurnama işleri doly tamamlanyp, mermer bilen örtmek, enjamlary ornaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Aýdylmagyna görä, 2017-2018-nji okuw ýylynda bu instituta jemagat hojalygy hünäri boýunça studentler kabul ediler we olar tölegli esasda okadylar.

XS
SM
MD
LG