Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Putine 'ondan bizar bolandyklaryny' aýdýarlar


Protestlere gatnaşýan adamlara barabar polisiýa ofiseri hem gözgeçilige çykaryldy.
Protestlere gatnaşýan adamlara barabar polisiýa ofiseri hem gözgeçilige çykaryldy.

Orsýetiň şäherlerinde prezident Wladimir Putini ýurduň geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşige goşulmazlyga çagyrmak boýunça geçirilýän kampaniýanyň çäginde proteste çykan onlarça adam tussag edildi.

Polisiýa 29-njy aprelde Sankt-Peterburg şäherinde azyndan 30 adamy tussag etdi, bu Orsýet boýunça ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda protest geçirilýän 32 şäheriň diňe biri bolup, bu protestlere gatnaşýan adamlara barabar polisiýa ofiseri hem gözgeçilige çykaryldy.

Kemerowa şäherinde protest kampaniýasy mahalynda azyndan 16 adam tussag edildi, Ižewsk, Dagly Altaýsk şäherlerinde hem protest kampaniýasyny gurnaýjylar tussag astyna alyndy.

Sosial ulgamlarda peýda bolan fotosuratlar Sankt-Peterburgda tutulan protestçileriň nähili zorluk we güýç ulanylyp saklanandygyny görkezýär.

Protest kampaniýasyna gatnaşyjylar şäher häkimiýetlerine, öz şäherlerindäki prezident adminstrasiýasynyň ofislerine ýazmaça, Putiniň syýasatdan dynç alşa çykmagy baradaky haýyş bilen ýüzlenýärler.

Protest aksiýasy “Biz ondan bizar bolduk”, “Besdir!” diýen şygarlar astynda geçirilýär.

Bu çäre Kreml tankytçysy, ozalky oligarh Mihail Hodorkowskiniň döreden “Açyk Orsýet” hereketi tarapynda gurnaldy.

“Biz kärdeşlerimiz bilen adamlara Putiniň dördünji prezidentlik möhletine dalaşgärlik teklibini kabul etmeginiň ýa ret etmeginiň öňünden öz pikirilerini aýtmaga nähili mümkinçilik berip boljagy barada kän oýlandyk” diýip, Hodorkowskiý 29-njy aprelde “Eho Moskwy” radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Biz protestiň ozal ulanylmadyk, biraz çylşyrymly görünşini saýladyk we adamlara özbaşdaklykda, prezident adminstrasiýasynyň öz şäherlerindäki, şol sandaky Moskwadaky ofislerine şahsy arza bilen ýüz tutmaklaryny, ol arzada özleriniň Putiniň dördünji möhlet üçin bäsleşmegini näme üçin ilslemeýändiklerini ýazmagy maslahat berdik.”

Rus häkimiýetleri bu protest kampaniýasynyň ygtyýar berilmedik çäredigini we oňa gatnaşyjylar bilen polisiýanyň iş salyşjakdygyny aýtdylar.

Guramaçylar protest aksiýalarynyň 32 şäherde planlaşdyrylandygyny, şol şäherleriň häkimiýetleriniň olary 11 şäherde tassyklandygyny aýtdylar.

"Protestleriň ýerli häkimiýetler tarapyndna tassyklanan ýerlerinde aksiýalar şygarlar, mikrofonlar we beýlekiler bilen geçiriler” diýip, Günbatar Ýewropada bosgunlykda ýaşaýan Hodorkowskiý aýtdy. "Protest aksiýalaryna rugsat berilmedik ýerlerde adamlar özbaşlaryn gelip, prezidente özbaşdak şikaýatlaryny ýetirerler.”

“Açyk Orsýet” guramasy 26-njy aprelde ýurduň Baş prokuraturasynyň edarasy tarapyndan “islenilmeýän” diýlip jar edildi we şol günüň ertesi polisiýa bu toparyň Moskwadaky ofislerine reýd geçirdi hem-de protest mahalynda ýaýradyljak listowkalary konfiskasiýa etdi.

Ilkinji prezidenlik möhletine 2000-nji ýylda başlan Putin häzir üçünji möhlet prtezident we ol 2008-2012-nji ýyllarda premýer-ministr hem boldy.

XS
SM
MD
LG