Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Otly biletleri 100%, uçar biletleri 20% gymmatlady


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda şu günden, ýagny 1-nji maýdan başlap, otly biletleri öňküsinden 100%, uçar biletleri ortaça 20% gymmatlady.

Bu gymmatlama prezident G. Berdimuhamedowyň ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we kömek pullaryň her ýyl 10% artdyrylýandygyny ýatladyp, munuň ilatyň uçarlaryň we otlularyň hyzmatyndan peýdalanmak üçin edýän çykdajylaryndan ep-esli köp bolup durýandygy barada eden çykyşynyň iki hepde yz ýanyna gabat geldi.

Häzirki wagtda Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Çoganly şäherçesindäki Halkara awtoduralgada, ýagny otly we uçar biletleri satylýan terminalda Aşgabat-Daşoguz aralygyna gatnaýan ýolagçy otlusynyň plaskartly wagonlar üçin otly biletleri öň 13 manatdan satylan bolsa, indi 26 manada deň. Şol ugra gatnaýan küpe wagonlarynyň bahasy öň 23 manatdy, häzir 26 manada barabar.

Aşgabat-Mary aralygynda ýokary tizlikde gatnaýan ýolagçy otlusynyň plaskartly wagonlar üçin otly biletleriniň bahasy öň 10 manat bolsa, häzir 20 manatdan satylýar. Şol otlynyň küpe wagonlarynyň bahasy öň 17 manatdy, häzir 34 manada barabar.

Aýdylmagyna görä, aprel aýynyň ortasyndan bäri otly biletleri satylanda, ýolagçylardan biletde görkezilen nyrhdan başga-da 2 manat möçberinde goşmaça töleg alynýar.

Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, bu goşmaça tölegler hem 1-nji maýdan başlap iki esse ýokarlanypdyr we häzirki wagtda ýolagçylar bilet üçin töleýän nyrhyndan başga-da, 4 manat tölemäge mejbur bolýarlar.

“Halkara awtoduralgada bilet satýan jogapkär işgärler bu tölegiň täze girizilen düzgündigini we onuň ýassyk-ýorgan daşlary üçin alynýandygyny aýdýarlar. Ýolagçylar bolsa, öň şu tölegi otla münenlerinden soň, eger olar ýassyk-ýorgan daşlaryny almaga isleg bildirse, diňe şonda tölemeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler. Bu töleg üçin ýolagçylara hiç hili kwitansiýa-da berilmeýär” diýip, Bugaýew belleýär.

Häzirki wagtda uçar biletleriniň islendik ugur boýunça bahalarynyň üstüne hem “ýokardan kesgitlenen nyrh” esasynda 13 manat goşuldy. Meselem, öň Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyna uçar biletiniň bahasy 83 manada satylan bolsa, häzir 96 manada deň. Aşgabat-Türkmenabat aralygyndaky uçar biletleri öň 76 manatdy, indi 89 manada barabar.

Mundanam başga, otly we uçar biletleriniň bahasynyň gymmatlamagy bilen 1-nji maýdan başlap, welaýatlara gatnaýan hususy taksiler hem öz nyrhlaryny gymmatladyp, olar ýolagçylardan her ugur üçin, öňküsinden 10 manat köp töleg alyp başladylar.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabatdan welaýat merkezlerine gatnaýan awtobuslaryň biletleri öňküsi ýaly saklanyp galýar. Ýöne bu biletleri satyn alanyňda-da, “komission ýygym” diýlip biletlerde görkezilen bahadan başga-da, her ýolagçydan goşmaça 1 manat saklanyp alynýar.

Aýdylmagyna görä, bu otly weuçar biletleriniň gymmatlamagy netijesinde, Çoganlynyň Halkara awtoduralgasyndaky demirýol kassasynyň öňünde bilet satyn almakçy bolýan adamlaryň sany göz-görtele azaldy.

Ýaşaýjylaryň ençemesi bu gymmatlamalaryň öz maşgala býujetlerine agram salýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan aýlyklar, pensiýalar we kömek pullary her ýylda 10% ýokarlandyrylsa, ýurtdaky käbir beýleki hyzmatlaryň ýa-da azyk harytlarynyň bahasynyň telim esse gymmatlaýandygyny belleýärler.

“Ýolagçylar gaty zeýrenýärler. ‘Biziň ýola-yza çykmak mümkinçiligimiz juda kynlaşdy. Meselem, Aşgabatdan Türkmenbaşa ýa-da Daşoguz gidip-geljek bolsaň, onda biziň käbirimiziň oňa pensiýa pulumyz ýa-da alýan aýlygymyzam ýetjek däl. Ýa-da bir gezek gidip gelsek, özümiziň maşgalamyzy eklemäge ujypsyz pul galýar’ diýip, ýolagçylar zeýrenýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýatladyp geçsek, 14-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” gullugynyň we Demirýol ulaglary ministrliginiň işgärler toparlarynyň pudaklaryň kadaly işlemegi üçin, ýurduň çäklerinde ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky teklip bilen ýüzlenendigini we pudaklaryň işini has-da kämilleşdirmek üçin, bu teklibi goldamagyň maksada laýyk boljakdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG