Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ymamlary ýüzi suratly mazar daşlaryny 'öz gününe goýýar'


Türkmenistan, gonamçylyk.

“Azatlyk” radiosy geçen hepde, ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, Balkan welaýatynyň ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket şäheriniň alkymynda ýerleşýän Baýram şehit gonamçylygynda oturdylan ýüzi suratly mazar daşlarynyň aýrylmagynyň talap edilýändigini habar berdi.

Ýerli çeşmeleriň maglumatyna görä, bu gonamçylykda jemi 76 mazar daşy aýrylmaly ýa-da daşlaryň ýüzündäki suratlar görünmez ýaly edilmeli diýip, merhumlaryň hossarlaryna habar ýetirilipdir.

Azatlyk radiosy bu habar barada gepleşik taýýarlaýan mahaly Balkan welaýatynyň ymamy Ahmet Amanlyýewe telefon etdi, emma ol soraga jogap bermän, gepleşigi kesdi.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň gepleşiginden soň, Bereket şäherindäki metjitde ýüzi suratly mazar daşlaryny aýyrmak barada edilýän wagyz bes edildi diýen maglumat gowuşdy.

Azatlyk radiosy bu maglumat bilen gyzyklanyp, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen habarlaşdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG