Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Ukrainanyň öňki prezidenti Ýanukowiç gaýybana sud edilýär


Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç, Orsýetiň Rostow-na-Donu şäherinde geçirilen metbugat-konferensiýasynda, 28-nji noýabr, 2016.
Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç, Orsýetiň Rostow-na-Donu şäherinde geçirilen metbugat-konferensiýasynda, 28-nji noýabr, 2016.

Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç watana dönüklikde aýyplanyp Kiýewde gaýybana sud edilýär.

Ýanukowiçiň işi boýunça diňlenişik 4-nji maýda paýtagtyň Obolon etrap sudunda onuň iki aklawçysynyň gatnaşmagynda başlandy.

Ýanukowiç 2014-nji ýylyň fewral aýynda güýçli protest çykyşlaryň dowamynda wezipesini terk etdi we Orsýete gaçyp gitdi. Jemgyýetiň närazylygyna Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyk baglaşmakdan ýüz öwrüp, Orsýet bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek planlary sebäp bolupdy. Protestleri basyp ýatyrmak boýunça synanyşyk zerarly onlarça adam wepat bolupdy.

Orsýetde galýan Ýanukowiç dönüklikde, Ukrainanyň garaşsyzlygyny we territorial bütewüligini bozmakda, şeýle-de Orsýetiň agressiýasyny goldamakda aýyplanýar.

Häkimiýetler aýyplamalaryň Ýanukowiçiň Orsýetiň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, goşulyşmagy sorap ýazan hatyna esaslanylýandygyny aýtdylar.

Wiktor Ýanukowiçiň prezident wezipesini terk etmeginden soň Orsýet Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşdy, ýurduň gündogarynda we günortasynda separatizm möwjedi. Kiýew we NATO Ukrainanyň gündogar Donbass regionyny eýelän separatistlere Orsýetiň harby goldaw berýändigini aýdýarlar. 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ýurtdaky ýaragly konfliktiň netijesinde 9900 -den gowrak adam wepat boldy.

Ukrainanyň baş prokuraturasynyň 3-nji maýda mälim etmegine görä, Interpol halkara agentligi Ýanukowiçiň gözlegini ýatyrypdyr.

Ýanukowiç sud tarapyndan günäli tapylsa 15 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

XS
SM
MD
LG