Türkmen prezidentiniň hususy awtoserwisleriň we awtoýuwalgalaryň işine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etmeginden bir hepde geçer-geçmez, ýurduň tas ähli sebitinde diýen ýaly awtoserwisler we awtoýuwalgalar ýapyldy.
“Häzir salgyt gullugy barlaýar’ diýip, awtoserwisler we ýuwalgalar ýapyldy. Ulagymyň ýagyny hem çalyşdyrmaga ýer ýok. Ýaşaýan ýerimizdäki hususy ussalar hem ulagyňy oňarmaga çekinýärler” diýip, änewli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda, häzirki döwürde ýurduň Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň “maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigine, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylýandygyna” garamazdan, paýtagtda we onuň töwereklerinde awtoulaglara hyzmat edýän bölümleriň bikanun hereket edýän ýerleriniň bardygyny aýdypdy.
Şeýle-de, ol ulaglary ýuwmak hyzmatyny ýerine ýetirýän bölümlerde köplenç halatda agyz suwunyň ulanylýandygyny, oňa ministrlik tarapyndan degişli gözegçiligiň ýola goýulmaýandygyny belläp, içeri işler ministrden “nogsanlyklary gyssagly düzetmek boýunça degişli işi alyp barmagy berk talap edipdi”.
“Ähli ugurlarda bolşy ýaly bu düzümlerde-de kanunçylygyň berjaý edilmegi, tertip-düzgüniň berkidilmegi, ulaglara hyzmat edýän bölümlere Salgyt gullugynyň yzygiderli gözegçiliginiň ýola goýulmagy döwrüň möhüm talabydyr” diýlip, resmi metbugatyň habarynda bellenildi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, prezidentiň bu çykyşyndan soň, paýtagtdaky ähli awtoýuwalgalar we döwletiň eýeçiligindäki awtoserwislerden başgasynyň ählisi ýapylypdyr.
“Resmi ýagdaýa laýyk iş alyp barmaýandygymyzy aýdyp, ussahanalarymyzy ýapmagymyzy talap etdiler. Bu biziň çöregimizdi. Nädilende kärimizi kanuna görä dowam etdirip bolýandygy soralanda-da, hiç bir jogap bermeýärler” diýip, Aşgabadyň Köşi sebitindäki hususy awtoserwisiň eýesi, özüni Begenç diýip tanyşdyran ulag ussasy gürrüň berdi.
Begenç käbir ussalaryň gizlin ýagdaýda adamlaryň ulaglaryna ‘seredip berýändiklerini’, emma munuň üsti açylan halatynda 15 güne çenli administratiw tussaglygynyň hem berilip bilinýändigini aýtdy.
Galyberse-de, awtoýuwalgalaryň ýapylmagynyň netijesinde, ol ýerde işlänler bilen birlikde, adaty sürüjileriň hem dürli nogsanlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna üns çekilýär.
“[Aşgabatda] ulagyň hapa bolaýsa, [ýol gözegçilik işgärleri] hökman jerime salýarlar. Ýörite ýuwalgalaryň ýapylmagy bilen indi özüň bedrede suw daşap, ulagyňy ýuwmaly bolýarsyň” diýip, paýtagtly diňleýjilerimiziň biri aýdýar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda awtoulagy hapa sürüjilere salynýan jerimäniň mukdary birinji gezekde 100 manada deň bolup, ikinji we ondan soňky gezeklerde 300 manada barabardyr. Awtoulagy hapa bolany sebäpli soňky alty aýyň dowamynda üç gezek jerime salnan sürüjileriň bir ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynýan ýagdaýy-da bolýar.
Bu aralykda ýurtda müňlerçe awtoserwisleriň we awtoýuwalgalaryň ýapylmagy bilen birilikde, olaryň haçan işläp başlajakdygy ýa-da olaryň deregine hödürlenýän nähilidir bir alternatiwalar barada maglumat berilmeýär.
Azatlyk Radiosynyň degişli şäher we etrap häkimlikleri bilen habarlaşyp, bu soragyň jogabyny tapmak synanyşyklary hem netije bermedi.