Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Ogurlanan saýlaw dokumentlerini çap etmek jenaýat bolup biler


Prezidentlige kandidatlar Marin Le Pen bilen Emmanuel Makronyň (sagda) goşma suratlary

Fransiýanyň saýlaw komissiýasy metbugata prezidentlige merkezçi kandidat Emmanuel Makronyň saýlaw toparyndan ogurlanan maglumatlary çap etmezlik barada duýduryş berdi.

Prezidentlik saýlawlarynyň kampaniýasyna gözegçilik edýän komissiýa 6-njy maýda ýaýradan beýanatynda bu maglumatlary çap etmegiň we göçürip çap etmegiň jenaýatçylyk bolup biljekdigini aýtdy.

Bu duýduryş Makronyň saýlaw kampaniýasynyň 5-nji maýda eden beýanatyndan soň edildi. Sebäbi Makronyň kampaniýa topary saýlawlara, merkezçi kandidat bilen aşa sagçy kandidat Marin Le Peniň haýsam bolsa biriniň seçiljek gününe 1-1/2 gün galanda, öz kompýuterleriniň “ägirt uly” hakerlik hüjümine sezewar bolandygyny aýtdylar.

"Azat we adalatly saýlaw geçirilýär” diýip, komissiýanyň beýanatynda aýdylýar we käbir dokumentleriň galp bolmagynyň mümkindigi hem-de galplaşdyrylan dokumentleri gaýtadan çap etmegiň düzgün bozma bolup biljekdigi duýdurylýar. Komissiýa bu duýduryşy 6-njy maýda çap etdi.

Makronyň saýlaw kampaniýasy özleriniň “ägirt uly” kordinirlenen hakerlik hüjüminiň nyşanasyna öwrülendigini we netijede 5-nji maý güni giçlik içerki kampaniýa dokumentleriniň uly toplumynyň internete goýberilendigini aýtdy.

By dokument syzmalary “resmi kampaniýanyň soňky sagatlaryna” gabat geldi we, Birleşen Ştatlaryň soňky prezidentlik kampaniýalarynda bolşy ýaly, “görnetin” “demokratik durnuksyzlaşdyrmagy” maksat edindi diýip, partiýanyň beýanatynda aýdyldy.

Munuň ýaly giň gerimli hakerlik “fransuz saýlaw kampaniýasynda görlen zat däl” diýip, beýanatda bellendi.

“WikiLeaks” websaýty twitterde bu diýilýän dokumentleriň ammaryna link, salgy goýdy we ol ýerde on müňlerçe elektron hatyň, fotosuratlaryň, 2017-nji ýylyň 24-nji apreline çenli çatyndylaryň bardygyny aýtdy. “Wikileaks” bu dokument syzmalary üçin özüniň jogäpkär däldigini aýtdy, emma olary nähili ele salandygyny anyklaşdyrmady.

9 gigabaýtlyk maglumat bolsa Pastebinde, anonim material çap edip bolýan we dokument paýlaşylýan saýtda goýuldy. Pastebin dokumentleri EMLEAKS diýilýän ulanyjy tarapyndan ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG