Sepleriň elýeterliligi

Fransuzlar ýurduň geljekki ugruny kesgitlejek prezident saýlawynda ses berýär


Fransiva, prezidentlige kandidatlar Marin Le Pen (Ç) Emmanuel Makron

Fransiýada 7-nji maýda ýurduň öz Ýewropa Bileleşigindäki öňdebaryjy ornuny saklaýandygyny ýa-da “Freksit” ýoluna düşýändigini aňladyp biljek ses berişlik, prezident saýlawlarynyň ikinji, aýgytly tapgyry başlandy.

Merkezçi kandidat Emmanuel Makro Ýewropa Bileleşiginiň tarapyny tutýan kampaniýa geçiren bolsa, immigrasiýa garşy bolan milletçi Marin Le Pen Fransiýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagyny we ýewro puluny taşlamagyny isleýär.

Bu saýlaw kesgin iki bölünişik kampaniýasynyň kulminasion nokady bolup, 48 ýaşyndaky Le Pen 39 ýaşyndaky Makrony, öz garaýyşyndan, yslam fundamentalizmine we fransuz döwletinde abanýan beýleki potensial howplara ýumşak garaýan bir elitaçy hökmünde häsiýetlendirdi.

"Le Peniň ýeke-täk strategiýasy Makrona zelel ýetirmekden, ony çemeleşmeleri we syýasatlary Fransiýa üçin howply globalist kandidat edip görkezmekden ybarat” diýip, ýewropa syýasatyny öwrenýän EUROPEUM institutynyň direktorynyň orunbasary Martin Michelot Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ozalky inwestisiýa bankiri Makron prezident saýlawlarynyň 23-nji aprelde geçirilen birinji tapgyryndan bäri pikir soramalarda öňdeligi eýeläp gelýär.

Ol prezidentlik kampaniýasynyň soňky gününde, 5-nji maýda geçirilen pikir soramalarda saýlawçylaryň 62 prosentiniň goldawyny alan bolsa, Le Pen ses berijileriň 38 prosentiniň goldawyny aldy.

Makron kandidatlaryň 3-nji maýda, Parižde geçen çekişmesinde Le Peni "gorkynyň iň ýokary wagyzçysy” diýip atlandyrdy we “Le Monde” gazeti bu çekişmäni ”ýowuz” we “başdan aýagyna gazaply” diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG