Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar


Illýustrasiýa

Daşoguz şäherinde we onuň golaýyndaky obalarda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň ählisiniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu welaýata etjek saparyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşýandygy habar berilýär.

“Hronika Türkmenistan” neşiriniň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 7-nji maýda beren maglumatyna görä, şu günler döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri Daşoguz şäheri bilen onuň aeroportunyň arasyndaky awtomobil ýoluň ugrundaky territoriýalary arassalamak işlerini amala aşyrýarlar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri hem tassyklap, Berdimuhamedowyň ýurduň demirgazyk welaýatyna planlaşdyrýan saparyna görülýän taýýarlyklaryň şäheriň dürli böleklerinde giň gerimde alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, indi üç gün bäri Daşoguz şäheri bilen onuň aeroportunyň arasyndaky 10 kilometr çemesi uzynlykdaky ýoluň iki tarapyndaky baglar timarlanýar, baglaryň arasynda gurany bolsa, deregine ýörite küýzelerde ösdürilip ýetişdirilen täze baglar oturdylýar.

Bu çärä şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýörite edaranyň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri, studentler we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşýar. Olar Daşoguz şäheri bilen aeroportyň arasyndaky ýoluň iki tarapynda gülleri ekýärler, haşal otlary çapyp, olary ýük awtoulaglaryna ýükleýärler. Şeýle-de, ýoluň ugrundaky portretleriň, şygarlaryň käbirleri täzelenýär, käbirleri-de, täze reňkler bilen boýalýar.

Mundanam başga, Daşoguz welaýatynyň Ruhyýet köşgünde, Nurmuhammet Andalyp adyndaky welaýat teatrynda aýdymçylaryň, tansçylaryň we artistleriň taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle-de, çagalar baglaryndan we başlangyç synp mekdep okuwçylaryndan saýlanan çagalar bilen hem aýdym aýdyp, tans etmek boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň käbirleri bu taýýarlyklaryň fonunda, soňky günlerde şäheriň köne etrapçalarynda ölýän pişikleriň sanynyň we käbir adamlaryň etrapçalara aýlanyp, eýesiz itleri aldaw ýoly bilen tutyp alyp gitmeginiň hem köpelendigini aýdýarlar.

“Anyk haýsy edaranyň işgärleridigi belli däl adamlar jaýlaryň aralaryna aýlanyp, tutan itlerini yzy gözenekli ýörite ýük awtoulaglaryna ýükläp alyp gidýärler. Pişikleriň ölmegi hem köpeldi. Olar gizlin ýol bilen zäherlenene çalym edýär. Ýöriteläp zäherläp ýören adamlary göremizok, ýöne irden öýden çykanymyzda, dört-bäş pişigiň ölüp ýatanyny görse bolýar. Olaryň käbirlerini ýörite gelip ýygnaýarlar, käbirleriniň bolsa miweli baglaryň aşagyny çuňrak gazyp, şol ýere gömýärler. Hamana, şol pişigiň läşi çüýrese, miweli agaç üçin aňrybaş derejede dökün bolýamyş diýip gürrüň edýärler” diýip, howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Daşoguzda prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyklar munuň bilen hem çäklenmeýär. Ol daşoguzlylaryň öz ýüklerini daşamak üçin esasy transport serişdeleriň biri bolup hyzmat edýän eşekli ýük arabalaryna edilýän gözegçilikleriň hem güýçlenendigini sözüniň üstüne goşup, polisiýanyň şäherdäki eşekli ýük arabalaryny ýygnaýandygyny aýdýar.

“Welaýatda transport gatnawy çäkli bolansoň, adamlaryň köpüsi eşek arabadan peýdalanýarlar. Soňky günlerde şol arabalary hem ýygnaýarlar. Polisiýanyň işgärleri eşek arabalyny saklap, olaryň eşegini eýesine berýär we ‘biz arabalaryň kime degişlidigi barada sanaw düzdük. Prezidentiň saparyndan üç-dört gün ýa-da bir hepde geçensoň, arabaňyzy yzyna bereris’ diýýärler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýdýar.

Mundanam başga, degişli türkmen resmileri bazarlara aýlanyp, söwdagärlerden harytlaryň ýüzünde adatdakysyndan has pes nyrhy görkezmegi talap edýärler. Söwdagärleriň käbiriniň aýtmagyna görä, hamana, “bahalar arzan, hemme zat bolçulyk’ ýaly edip görkezmek üçin, satyjylara harytlaryň ýüzünde adatdaky bahasynyň üçden bir bölegi ýazdyrylýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan prezident Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna planlaşdyrýandygy aýdyýan sapary we onuň haçan amala aşyryljakdygy barada ilat köpçüligine henize çenli maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň welaýatlarynda ýurt baştutanynyň degişli regiona etjek saparynyň öňýanynda, şäheri arassalamak we oňa döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleri, şeýle-de studentleri we mekdep okuwçylary çekmek çäresi indi adaty ýagdaýa öwrüldi.

Şeýle taýýarlyk çäreleriniň iň soňkusy Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynyň başynda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherine eden saparynyň öňýanynda amala aşyrylypdy. Şonda Türkmenabadyň köçeleri arassalanyp, ondaky ýol belgileri we çyzyklar täzeden reňklenipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG